BILIM

Lebap welaýatynda täze mekdep ulanmaga berildi

Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim ojaklaryny ulanmaga tabşyrmaklyk ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da asylly däbe öwrüldi. Şu gün hem Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Begaryk obasynda 400 orunlyk täze mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyryldy.

Täze mekdebiň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, bilim, medeniýet işgärleri, oba ýaşaýjylary, okuwçylar, ata-eneler gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ýaş nesliň zamanabap şertlerde bilim almagy, terbiýelenilmegi, ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmegi barada irginsiz aladalanýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar. Şu günki işe girizilýän bilim ojagy hem ýaş nesil barada edilýän oňyn aladalaryň miwesidir diýlip çykyşlarda nygtaldy.

Belentden ýaňlanýan aýdym-sazlaryň hoş owazy astynda toý bagy kesilip, il sylagly ýaşulular bu döwrebap desganyň açylmagyna ak pata berdiler hem-de täze okuw ýylynda mekdebiň mugallymlaryna, okuwçy ýaşlara bilimler äleminde üstünlikleri arzuwladylar. Soňra dabaranyň myhmanlary täze bilim ojagynyň synp, tejribe otaglaryna, sport meýdançasyna aýlanyp gördüler. «Ussa Tirkiş» hususy kärhanasynyň binagärleri tarapyndan desgalandyrylan iki gatly kaşaň ymaratda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary üçin ähli amatlylyklar döredildi. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ösen tehnologiýaly enjamlary ýaşlaryň hyzmatynda.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça Hytaýda geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

Türkmenistanly oglanyň esaslandyran startapy- «KinesteX» 8 million ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy