SIZDEN GELENLER

Krosswordyñ döreýiş taryhy

Krossword (iñlis dilinde “kross” – kesişme we “word” – söz) iñ köp ýaýran tapmaçalaryñ biridir. Häzirki wagtda olaryñ birnäçe görnüşi bar. Ilkinji krosswordlaryñ gadymy döwürlerde dürli harp görnüşinde döredilendigi çaklanylýar.  Rowaýata görä, XX asyryñ başynda azatlykdan mahrum edilen W. Orwill özüne gyzykly bir kär edinýär. Ol kapasadaky meýdançalarda gaýtalanmaýan harplary ýazýardy. Erkinlige çykandan soñ, bu oña şöhrat we pul getirdi. Bütin dünýäde ykrar  edilen ilkinji krosswordyñ resmi doglan güni 1913-nji ýylyñ 21-nji dekabry hasaplanýar. Ony iñlis žurnalisti A. Uinn döretdi we “Nyu-York Word” gazetinde  “wordcross” diýip atlandyrdy.  Tapmaçanyñ simmetrik meýdanyna dürli tarapdan birmeñzeş sözleriñ ýerine meñzemeýän sözler girizildi.  “Krossword” diýlip atlandyrylýan ilkinji krossword 1924-nji ýylyñ 11-nji maýynda Berliniñ “Rul” gazetinde (rus dilinde) çap edildi.  Häzirki wagtda krosswordlaryñ köp görnüşi bar. Olar çözülişi bilen we meýdançasynyñ gurluşy bilen tapawutlanýar.

Kriss-kross – bu gözenegiñ ýanynda tapmaça sözleriniñ ýazylýan krosswordyñ bir görnüşi bolup, onda meýdançanyñ içinde adatça birnäçe söz ýa-da harp goldaw hökmünde görkezilýär.

Filword – bu eýýäm doldurylan sözleriñ tory bolan krossword. Onda sözler tapylmaly we üstünden çyzylmaly. Sözler tertibi boýunça keseligine we dikligine, şeýle hem dogry burçlar boýunça ýerleşip biler.  Netijede goşmaça öýjükler galmaly däldir.

Diword – bu ýönekeý meýdança bolup, öýjükleri eýýäm iki harpdan ybaratdyr.  Bulardan diñe biri dogry bolýar.

Keýword – bu öýjükleri sanlar bilen doldurylan krossword bolup, onda belli bir san belli bir harp bilen gabat gelýär.  Goldaw sözi meýdança ýa-da sanlar bilen aýratyn girizilýär.

Skanword  meýdançada tapmaçalaryñ ýerleşýän iñ giñ ýaýran görnüşi bolup, onda jogaplar oklara görä girizilmelidir.  Skanwordda suratlar, rebuslar, şekiller hem ulanylýar.

Çaýnword dürli geometrik şekillerde ýerleşdirilip bilinýän öýjükleriñ zynjyrydyr.  Çaklanylýan sözüñ soñky harpy (iki, üç) indiki sözüñ birinji harpydyr (ikinji, üçünji) we ol hökman san bilen belgilenýär.

Aýgül Hallyýewa

TOHI-niň talyby.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Kanslerini gutlady

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury