SPORT

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ispaniýanyň futbol kluby “Barselona” Germaniýanyň “Bawariýa” we Angliýanyň ýygyndysynyň futbolçysy Garri Keýni transfer etmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada “Sport.es” neşiri habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, iňlis oýunçysynyň wekilleri onuň karýerasyny dowam etdirmek üçin geljekki wariantlaryny seljerýärler. 2026-njy ýylyň tomsunda Keýniň “Bawariýa” bilen şertnamasynda onuň transferi üçin bellenilen pul möçberiniň üýtgemegi (ýagny, €65 million bolmagy) güýje girýär. “Barselona” toparynyň soňky teklibi klubyň maliýe ýagdaýyna bagly bolar.

Şeýle-de, Keýn bilen Angliýanyň we Saud Arabystanynyň çempionatlarynyň klublarynyň hem gyzyklanma bildirýändigi bellenilýär. Hüjümçiniň “Bawariýa” bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.

Keýn 32 ýaşynda, Germaniýanyň çempionatynda şu möwsümde 9 oýunda 12 gol geçirip, 3 netijeli pas berdi. Ol 2023-nji ýylda “Bawariýa” toparyna geçip, bu klub bilen ýurduň çempionatyny we Superkubogyny gazandy.

Şondan ozal, ol “Tottenhem” toparynda oýnap, klubyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Angliýanyň ýygyndysynyň düzüminde hüjümçi iki gezek Ýewropa çempionatynyň kümüş medalyny gazandy we Milletler Ligasynyň bürünç baýragynyň eýesi boldy.

Related posts

Daşkentde gazanylan üstünlik: ýaş türkmen türgenleri 12 medal gazandy

Katar-2022: Messili Argentina ýeňildi

Maýk Taýson süýji öndürýär

Ata Watan Eserleri