SPORT

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

Angliýanyň “Çelsi” topary baş tälimçisi Maurisio Poçettinony wezipesinden boşatdy. Bu barada iňlis futbol toparynyň resmi saýty habar berýär.

Tälimçiniň wezipesinden boşadylmagy taraplaryň razyçylygy esasynda amala aşyryldy. Topar täze tälimçini wezipä belleýänçä, hiç hili teswir bermegi göz öňünde tutmaýar.

52 ýaşyndaky argentinaly 2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda bu toparyň tälimçisi wezipesine bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygyndaky “Çelsi” topary Angliýanyň milli çempionatynda 6-njy orny eýeledi.

Mundan ozal, Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparyna tälim beripdi. Ol Fransiýanyň çempionatynda işlän döwründe Fransiýanyň çempiony bolupdy, şeýle hem Fransiýanyň Kubogyny we Superkubogyny eýeläpdi.

Related posts

Şewçenko “Jenoa” toparyna tälim berer

Ildeşimiz Ýagşymuradow bu gezek ýeňip bilmedi

Ata Watan Eserleri

«CAFA Futsal Cup-2023»: Türkmenistan nobatdaky ýeňşini gazandy