SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kowid 19:köpçülikleýin immunitet gazanan ilkinji ýurt

Maltanyň wise-premýeri we saglygy goraýyş ministri Kris Ferne uly ýaşly ilatyň 70 göteriminiň koronawirus ýokanjyna garşy azyndan bir doza möçberinde sanjym alandygyny belledi. Şeýlelikde, Malta Ýewropa Bileleşiginde köpçülikleýin immuniteti gazanan ilkinji ýurt boldy. Bu barada “Reuters” habarlar gullugy habar berýär.

– Ýurtda her 5 sekuntda bir sanjym edilýär. Uly ýaşly ilatyň 42 göterimi 2 doza möçberinde sanjym aldy – diýip, ministr metbugat ýygnagynda habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, doly sanjym alan raýatlaryň iýul aýyndan başlap, köçelerde örtük dakynman gezip biler. Ýöne ýapyk binalarda örtük dakynmak ähli adamlar üçin zerur bolup durýar.

Soňky bir gije-gündüziň dowamynda ýurtda koronawirus ýokanjy bilen kesellän 2 adama duş gelindi. Hepdäniň birinji gününden başlap, ýurtda käbir çäklendirmeler aýryldy. Adamlar sport zallaryna we suw howuzlaryna baryp bilýärler. Restoranlaryň iş tertibi ýary gije çenli uzadyldy. Mundan ozal, restoranlar 17:00-da ýapylýardy.

Ýakyn günlerde sanjym babatda şahadatnama düzgünini ýola goýmak meýilleşdirilýär we ony hem iýul aýyndan köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin ulanmak göz öňünde tutulýar.

Ortaýer deňzindäki ada döwleti bolan Malta Respublikasynda 500 müňden gowrakdyr.

 

Täze awtobuslar aşgabatlylaryň hyzmatynda

Ýene-de okaň

Garahan depe: Müňýyllyklardan aşan rowaýatlar

Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteri tanyşdyryldy

Türkiŷede gijeki syýahat: Ŷyldyzlaryň astynda aŷlanmak

Türkmenistan bilen Hytaý çaga lukmançylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder

“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Özbegistan Aşgabatda geçiriljek halkara sergide lukmançylyk mümkinçiliklerini hödürlär