DÜNÝÄTEHNOLOGIÝA

Kosmosda täze döwür: “SpaceX”-iň üstünlikli uçuşy

Amerikaly işewür Ilon Mask tarapyndan döredilen “SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” atly kosmos gämisi içi adamly kosmos giňişligine ugradyldy. ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek hususy bir kompaniýa adamly kosmos gämisini älem giňişligine üstünlikli ibermek bilen uly netije gazandy.

Bu kompaniýanyň “Crew Dragon” atly kosmos gämisi 2 astronawt bilen älem giňişligine çykdy. Robert Benken we Duglas Hurleý adyndaky astronawtlar bu älem gämisi bilen Halkara kosmos bekedine gitdiler.

“SpaceX” kompaniýasynyň üstünligi ABŞ-nyň Kosmos agentligi (NASA) üçin hem peýdalydyr. NASA mundan ozal, Russia älem giňişligine iberilýän her bir astronawt üçin 85 million dollar töleýärdi. Mundan beýläk, bu çykdajysyndan halas bolar.

2011-nji ýyldan bäri NASA kosmonawtly uçuşlaryny togtadandygy üçin kosmonawtlaryny Russiýanyň “Soýuz” kosmos gämisi bilen kosmos stansiýasyna iberýär.

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler