SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus üçin tabletka görnüşinde sanjym öndüriler

Beýik Britaniýanyň immunizasiýa boýunça ministri Nadim Zahawi geljekde sanjymlaryň tabletka görnüşinde bolup biljekdigini belledi. Şeýle tehnologiýalar işlenip düzülýär. Britaniýada şeýle sanjymlaryň önümçiligi üçin mümkinçilikler bolup, olaryň ýokanjyň islendik görnüşleri bilen göreşijilik ukybyna eýe boljakdygy mälim edildi. Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berýär.

Beýik Britaniýanyň ägirt uly “IoBio” biotehnologiýa kompaniýasy tabletka görnüşindäki derman serişdeleriniň haýwanlarda oňyn netijeler berendigini mälim etdi. “IoBio” biotehnologiýa kompaniýasy ABŞ-nyň “ImmunityBio” kompaniýasy bilen Beýik Britaniýanyň çäklerinde bu ugurda kliniki synaglara başlamaga taýýardygyny tassyklady. ABŞ-da tabletka görnüşindäki sanjymlaryň synaglary ýanwar aýyndan başlapdy.

– Kapsula görnüşindäki sanjymlarda lukmanlara zerurlyk bolmaýar. Ony “Amazon Prime” arkaly paýlap, ähli ilaty snajym etmek bolar – diýip, “IoBio” biotehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Ueýn Kennon habar berdi.

Hünärmenleriň köpüsi, sanjymlaryň birnäçe hepde aralykda iki gezek diňe saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan berlip bilinjekdigi, sanjymyň uzak wagtda çekýändigi bilen ylalaşýarlar. Tabletka görnüşindäki dermanlardan başga-da, burna damdyrylýan damja görnüşindäki ýa-da beýleki derman serişdeleriniň göz öňünde tutulyp bilinjekdigi mälim edildi.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri