SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus: sanjymdan soňra dermany hem tapyldy

Dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy dünýäniň lukmanlary we alymlary birnäçe sanjymlary işläp düzdüler. Şol sanjymlardan soňra nobatda adaty tabletka diýilýän dermanlaryň hem üstünde iş alnyp barylýar.

60 ýaşdan uly we goşmaça kesel bolan adamlarda synag edilen “Molnupiravir” dermany oňyn netije berdi. Süýji keseli, semizlik ýa-da ýürek keseli bolan adamlar üçin bu dermanyň ulanmak üçin rugsatnama almak babatda degişli edaralara ýüz tutulmagy göz öňünde tutulýar.

Ak Tamyň lukmançylyk boýunça geňeşçisi Dr. Entoni Fauçi netijeleriň gaty gowudygyny belledi. “Merck” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Darýa Hazuda “Sanjym edilmedik ýa-da sanjym immunitetine has duýgur bolanlar üçin bu pandemiýany ýok etmekde möhüm guraldyr” – diýip belläp geçdi.

ABŞ-nyň “Merck” derman kärhanasy koronawirus ýokanjy bilen kesellänleriň aradan çykmagynyň hem-de hassahana ýerleşdirmek howpuny azaldýan derman öndürendigini mälim etdi. Tabletkanyň täze wirusa ýolugan adamlarda hassahana ýerleşdirilmegi we ölüm howpuny azaldýandygyny mälim etdi.

Makullanan halatynda koronawirus ýokanjyny bejermek üçin subut edilen ilkinji derman boljakdygyna garaşylýan bu dermanyň epidemiýa garşy göreşde möhüm ädim bolup biljekdigine ünsi çekip, tabletkanyň ähli wariantlara garşy täsir edýändigi bellendi.

Derman üçin ABŞ hökümeti bilen 1,7 million sanysy üçin şertnama baglaşylandygy we bir sanysynyň bahasynyň 700 dollara deň boljakdygy mälim edildi.

Dermanyň günde iki gezek we bäş günüň dowamynda kabul ediljekdigi we hassalaryň jemi 40 tabletka içjekdigi aýdylýar.

 

Halkara uçar gatnawy :Stambul-Türkmenbaşy-Stambul

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy