SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus: sanjym 20 million adamyň pida bolmagynyň öňüni aldy

Geçen ýyl ilatyň koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilmegi takmynan 20 million adamyň aradan çykmagynyň öňüni almaga kömek etdi – diýip, alymlar bu netijä geldiler. Lukman alymlaryň bu baradaky ylmy seljermeleri “The Lancet” žurnalynda çap edildi.

Bilermenler matematiki hasabat ýöredip, köpçülikleýin sanjymyň tutuş dünýäde adamlaryň bu ýokançlyk zerarly aradan çykmak mümkinçiligini 2 esse diýen ýaly azaldandygyny bellediler. Hünärmenleriň hasabatyna laýyklykda, sanjym  edilmedik halatynda dünýäde 31,4 million adam koronawirus ýokanjynyň pidasy bolup bilerdi.

– Geljekde sanjym üçin intellektual eýeçiligi has-da giňeltmeli. Şeýle serişdeleriň öndürilmegi hem-de ýaýradylmagy bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň we bilimleriň has aýdyň we aç-açanlykda paýlaşylmagy zerur bolup durýar – diýlip, žurnaldaky beýanatda bellenilip geçilýär.

Bilermenleriň pikirine görä, tutuş dünýäde sanjymlaryň ýaýradylmagynyň hem-de üpjün edilmeginiň infrastrukturasyny has-da giňeltmeli.

ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersitetiniň hasabatyna görä, pandemiýa başlandan bäri dünýäde 11,6 milliard doza möçberinde koronawirus ýokanjyna garşy dürli sanjymlar edildi we muňa garamazdan, 6,3 million adam bu ýokanjyň pidasy boldy.

 

 

Messi toparyna 700 million ýewro girdeji gazandyrdy

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi