DÜNÝÄ

Koronawirus: erbet günler yzda galdy

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja koronawirus ýokanjynda erbet günleriň yzda galandygyny belledi.

Ol bu barada beren beýanatynda şeýle diýdi:

– Saglygy goraýyş ministriňiz hökmünde mälim edýärin, keselleriň sanynyň artmagy sizi gorkuzmaly däldir; alada etmäň, wirus öňküsi ýaly güýçli däl. Dümewli raýatlarymyzyň sanyny her gün yglan edýändigimize garamazdan, alada ederlik ýagdaý ýok. Iň erbet günler yzda galdy.

Türkiýäniň Prezidenti bilen birnäçe açylyş dabaralaryna gatnaşan Fahrettin Koja ählumumy pandemiýa yglan edilmezden ozal, Ylym komitetini döredip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna wirusa garşy göreş çäreleri baradaky ýol kartasyny hödürländiklerini mälim etdi.

Ministr köpçülikleýin sanjym döwrüniň başlanmagy bilen raýatlara sanjym edilmek işiniň guramaçylykly alnyp barlandygyny belledi.

Şeýle hem ministr koronawirusyň “omikron” görnüşiniň giňden ýaýraýandygy üçin sussupeslik ýagdaýyna düşmegiň zerurlygynyň ýokdugyny belläp, wirusyň öňki güýjüniň galmandygyny, koronawirusyň kynçylyk döretjek döwrüniň yzda galandygyny, öňüni alyş çärelerini berjaý edip, sanjym bolup, durmuşa dowam edilmelidigini belledi.

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja dünýäniň esasy durmuşynyň hem ozalky ýagdaýa kem-kemden dolanýandygyny mälim etdi.

 

30-njy ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri