SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kiýew-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite gatnaw

Ukrainanyň “Windrose” awiakompaniýasy Kiýew-Türkmenbaşy ugry boýunça  ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar. Bu barada Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň web saýtynda aýdylýar.

 

Uçar gatnawynyň wagty

19.08.2021 sagat 00:00 Kiýew -Türkmenbaşa  ugruna tarap

20.08.2021 sagat 06:30 Türkmenbaşy-Kiýew ugryna tarap

Uçar gatnawyny  Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda “Yug-Neftegaz Private Limited” şereketi gurnaýar.

Habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň we Applikasiýamyzy mugt ýükläp alyň! @atavatanhabar Instagram hasabymyzy hem yzarlamagy unutmaň!

 

Eýsem biletiň bahasy näçe?

Biletiň bahasy

Kiýew-Türkmenbaşy ugry üçin 1050 ABŞ dollary

Türkmenbaşy-Kiýew ugry üçin  950 ABŞ dollaryna barabar.

Bilet 1 ýaşyna çenli mugt, 16 ýaşyna çenli çagalar üçin bolsa 250 ABŞ dollary möçberinde bellenilýär.

Has jikme-jik maglumat almak üçin şu ýere basyň!

Geçen ýyl hem birnäçe ýörite gatnawlar guraldy

Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň web  saýtynda hem bellenilip geçilişi ýaly, ozal hem ilçihananyň ýakyndna ýardma bermeginde geçen ýylyň dowamynda 4 sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylypdyr. Bu ýörite gatnawlar ýene-de «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy tarapyndan ýola goýlupdyr.

Uçar gatnawy üçin  COVID-19 testi hökmandyr

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistana gelýän ýolagçylar üçin  COVID-19 ýokanjyna garşy PSR  lukmançylyk barlag testini (soňky 72 sagat) almak hökmanydyr. Şeýle hem  bar bolsa COVID-19 babatda sanjym alandygy baradaky kepilnama hem gerek.

Jemi 36 ýörite uçar gatnawy

Häzire çenli Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy jemi 19 ýörite gatnaw, Russiýanyň  “S7” awiakompaniýasy bolsa jemi 17 ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkiýe we Russiýa ugruna  jemi 36 uçar gatnawy amala aşyryldy. Türkiýe ugruna amala aşyrylan ýörite uçar gatnawyna kompaniýalaryň sargytlary esasynda amala aşyrylan birnäçe uçar gatnawy degişli däldir.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar

«Galkynyş» topary Awazada dynç aldy

Türkmenistanyň metbugat wekilleriniň Türkiýedäki tanyşdyryş sapary

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy