JEMGYÝET

Kazan-Türkmenbaşy uçarynyň biletiniň bahasy barada

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrjakdygy habar beripdik.  Awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň  “turkmenistanairlines.ru” internet saýtynyň habar bermegine görä, petek almak üçin avia@itmgroup.ru ýa-da +79119300080 telefony arkaly habarlaşmak bolýar.

Kazan-Türkmenbaşy gatnawynyň biletiniň bahasy 12500 ruble deňdir. Uçaryň ekonom klasy üçin 25 kilogram goş almaga mümkinçilik berilýär (20 kg bagažam 5 kg bolsa ýanyň bilen almaga rugsat edilýär). 32 kg bagaža çenli 1 ornuň bahasy 60 dollar bolup, onuň bahasy hem şol uçuş döwründäki hümmete görä kesgitlenýär. Tölegler rublda alynýar. Ýokarda agzalanan talaplar awiakompaniýanyň talaplarydyr.

Eger siziň ýatyrylan gatnaw üçin Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde satyn alan petegiňiz bar bolsa, şol petegi çalyşmak üçin hem avia@itmgroup.ru salgysyna ýüz tutup bilersiňiz. Türkmenistanyň çäklerinde satyn alnan petekleri Türkmenistanyň çäklerinde çalyşmak bolýandyr.

Goşmaça maglumat almak üçin avia@itmgroup.ru ýa-da +79119300080 telefony arkaly habarlaşmak bolar.

 

Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy