JEMGYÝET

Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen hoşlaşyk duşuşygy

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halifa Ahmad Al-Suwaýdi bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe özarahereketleriň dürli ulgamlarynda türkmen-katar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi.

Kataryň diplomaty öz nobatynda işlemek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri hem-de Ilçihananyň işine beren hemmetaraplaýyn hemaýatlary babatynda biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Gepleşikleriň barşynda Ilçi bilelikde özleşdirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikler bar bolan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we maýa goýum, energetika we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarahereketleri giňeltmegiň zerurlygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ilçä iki dostlukly ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky köpugurly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň geljekki işlerinde täze rowaçlyklary arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşar

“Ata Watan Media” reklama hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti “ABŞ-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini ABŞ-a çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-italýan işewürlik forumyndaky ÇYKYŞY