SPORT

Katar-2022: Marokko ýarym finalda, Ronaldo öýüne dolanýar

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda Marokko üstünlikleriniň ýene-de birini gazandy. Kristiano Ronaldoly Portugaliýany 1:0 hasabynda ýeňen Marokko dünýä çempionatynda ýarym finala çykmaga hukuk gazanan ilkinji Afrika yklymynyň ýygyndysy boldy.

“Al Thumama” stadionynda geçirilen duşuşykda ýeňlen Portugaliýada Kristiano Ronaldo gözýaşlary bilen öýüne dolanmaly boldy. Ýöne ol ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. Ronaldo kuweýtli Al Mutwy ýaly milli ýygyndynyň düzüminde 196 duşuşykda oýnady.

Marokko bolsa, duşuşygyň 42-nji minutynda El Nesiriniň goly bilen ýarym finala çykdy. Ronaldo bu duşuşygyň ikinji ýarymynda meýdança çykdy. Ýöne ol hem duşuşykda oýnan döwründe hiç hili garşydaş derwezesinde howply pursatlar döredip bilmedi.

Dünýä çempionatynda çempion bolmaga dalaşgär ýygyndylardan biri hökmünde görkezilýän Portugaliýa, Braziliýa we Niderlandlar ýygyndysy ýaly öýüne dolanmaly boldy.

Marokkonyň ýarym finaldaky garşydaşy Fransiýa bilen Angliýanyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bolar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi