SPORT

Katar-2022: Horwatiýa ilkinji ýarym finalçy

Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynda 1/4 finalyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk garaşylmadyk netije bilen tamamlandy. Horwatiýa dünýäniň 5 gezek çempiony Braziliýany ýeňip, ilkinji ýarym finala çykdy.

Örän çekeleşikli geçen duşuşygyň esasy wagty, ýagny 90 minuty 0:0 tamamlandy. Soňra goşmaça 30 minut agt berildi. Şol goşmaça wagtyň 105-nji minutynda Neýmar tapawutlanyp, Braziliýany 1:0 hasabyna öňe geçirdi. Neýmar bu geçiren goly bilen futbol dünýäsiniň şasy Pele bilen deňleşdir. Onuň 77 gola deň bolan rekordyny gaýtalady.

Neýmar bu üstünlige 124 duşuşykda ýeten bolsa, Pele bu görkezijini 92 duşuşykda gazanypdy.

Horwatlar bu goldan soňra tijenip, 117-nji minutda petkowiçiň goly bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy.

11 metrlik jerime urgularynda Horwatiýa Braziliýany 4:2 hasabynda utup, dünýä çempionatynyň ilkinji ýarym finalçysy boldy.

Horwatiýanyň garşydaşy Argentina bilen Niderlandlaryň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi