PEÝDALY MASLAHAT

Kärhanalarda Esaslandyryjylaryň üýtgemegi

Hususy eýeçilikdäki Kärhanalarda esaslandyryjylaryň üýtgemegi iş tejribesinde giňden ullanylýan ýagdaý bolmasa hem kätelerine dürli sebäplerden durmuşa geçirilýän ýagdaýdyr. Şol sebäpli hususy kärhanalarda we hojalyk jemgyýetlerinde esaslandyryjylaryň üýtgemegi üçin gerekli resminamalaryň sanawyny Size ýetirýäris.

Gerekli resminamalaryň Sanawy:

  1. Bellenen nusgada arza (Gaýtadan bellige almak hakynda)
  2. Esaslandyryjynyň (laryň) karary/teswirnama (Esaslandyryjyny girizmek/çykmak , hukuk guramaçylyk görnüşini üýtgetmek esaslandyryjynyň düzümini tassyklamak esaslyk maýasyny, hukuk salgysyny, iş görnüşleri barada tertipnama tassyklamak, esaslandyryş şertnama gol çekmek ýolbaşçy bellemek, gaýtadan bellige almak)
  3. Tertipnama 2 nusgada
  4. Esaslandyryş şertnamasy (kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan bolmaly)
  5. Girýäniň ýada çyýanyň adyndan arza (kepillendiriş edarasyndan tassyklanan bolmaly)
  6. Esaslandyryjynyň şahsy kagyzlary
  7. Esaslandyryjylaryň pasport nusgasy
  8. Esaslandyryjylaryň zähmet depderçileriniň nusgalary
  9. Bankdan esaslyk maýasy barada kepilnama yada auditoryň tassyk haty
  10. Hukuk salgysynyň tassyk haty (Aşgabat şäher häkiliginiň Arhitektura we şähergurluşygynyň Baş müdirligi ýa-da etrap häkilikleri tarapyndan berilýär.)
  11. Aşgabat şäher statistikadan iş görnüşleri barada resminama
  12. Bankda bergisiniň we 2-nji tekeje berginiň ýoklugy barada kepilnama
  13. Salgyt bölüminden Döwlet býujetine bergsiniň ýoklugy barada kepilnama
  14. Pensiýa gaznasynyň bölümine bergisiniň ýoklugy barada kepilnama
  15. Esaslandyryjynyň resminamalarynyň asyl nusgalary(Göçürme, Şahadatnama, tertipnama, esaslandyryş şertnama)
  16. Kabul-edis tabşyrys akty
  17. Gaýtadan bellige almak üçin 100 manat (Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi Aşgabat.ş Merkezi Bank H/H 2310193411010040000200 MFO 390101101 S/K 101111007529)
  18. Göçürmäniň möhleti geçen bolsa mohletini uzaltmak üçin arza (erkin görnüsde)
  19. Göçürmäniň möhleti uzaldylmadyk bolsa düşündiriş
  20. Möhletini uzaltmak üçin töleg 50 manat (Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet minitrligi Aşgabat.ş Merkezi Bank H/H 23104934110153100000000 MFO 390101101 S/K 101111007529)
  21. Ýylyň dowamynda edilen işler barada gysgaça hasabat
  22. Egerde ady, esaslyk maýasy üýtgese we/ýa-da esaslandyryjy resminamalar ýiten bolsa gazede bildiriş
  23. Esaslandyryjy aradan çykan ýagdaýynda döwlet kepillendiris edarasy tarapyndan berilýän mirasdüşerlik şahadatnamasynyň nusgasy
  24. Ynanç haty+pasport kopiýa
  25. Papka -1 sany

(Ahli resminamalar asyl nusgada bolmaly)

 

Hormatly okyjylarymyz!

Hususy kärhanany we hojalyk jemgyýetini bellige almak we bu kärhanalarda göçürmäniň möhletini uzaltmak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny aşakdaky habarlarymyzdan okap bilersiňiz!

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Hojalyk Jemgyýetini bellige almak üçin gerekli resminamalar

 

Göçürmäniň möhletini uzaltmak

 

Habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň ýa-da Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan”  ýazyp gözleg ediň!

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär