DÜNÝÄ

Karahandepe we Göbeklidepe – täze açyşlar

Anadolynyñ günorta-gündogarynda ýerleşýän Şanlyurfa Türkiýäniñ uly şäherlerinden biri hasaplanýar. Şanlyurfada ýerleşýän neolit döwrüne degişli bolan (täze daş asyry) Göbeklidepe we Karahandepe gadymy taryhyň, binagärligiň we sungatyň täsin ýadygärligi bolup durýar. Adamzat taryhynda möhüm orna eýe bolan Daş Depeler taslamasynyñ çäklerinde 9 sany arheologiki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriñ netijesinde adam we haýwan heýkellerinden ybarat bolan  täze tapyndylar ýüze çykaryldy.

Adam heykeli – taryh sungatynyň täsir galdyryjy mysaly

Karahantepe şäherinde geçirilen soňky gazuw-agtaryş işlerinde bir sekiniñ üstünde şol döwre degişli boýy 2,45 metre barabar bolan iň uly adam heýkeli tapyldy.

Göbeklitepedäki doňuz heýkeli

Şanlyurfanyñ 18 kilometr demirgazyk-gündogarynda Örenjik obasynyň golaýynda ýerleşýän Göbeklitepe adamzat taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Türkiýäniň ÝUNESKO -nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen 18-nji desgasy bolan Göbeklitepe täze daş asyry baradaky düşünjämizi düýpgöter üýtgetdi. Bu ýerde ılkinji gezek 1995-nji ýylda gazuw-agtaryş işlerine badalga berilýär we Göbeklitepede ybadathana desgalarynyň 20-siniň   bolandygy çaklanýar. Häzirki wagta çenli geçirilen gazuw-agtaryş işleriniñ netijesinde desgalaryñ 6-sy ýüze çykaryldy we olar tapylyş tertibine görä a/b/c/d/e/f/ diýlip belgilendi. Türkiýäniñ Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan alnyp barylýan gazuw-agtaryş işlerinde Göbeklitepäniň D belgili desgasynda hek daşyndan ýasalan ýabany doňuzyñ heýkeli tapyldy. Ýüzünde gyzyl, ak we gara reñkli menekleriñ yzy bolan heýkel agzalyp geçilen döwürden şu güne çenli tapylan ilkinji hakyky ýabany doñuzyñ ölçegindäki reñkli artefaktdyr.

Daş Depeler: beýik özgerişleriň mekany

Gadymy siwilizasiýalaryň mesgeni bolup durýan Türkiýede taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamak üçin taryhy sebitlerde köp sanly arheologiki gazuw-agtaryş we dikeldiş taslamalary amala aşyrylýar. Türkiýe häzirki wagtda arheologiki taslamalar boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda durýar. Munuñ bilen baglylykda, ýurtdaky arheologiki gazuw-barlag işleriniň sanynyň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 750-ä ýetmegine garaşylýar.

Uly ähmiýete eýe bolan taslamalaryñ biri hem Stambul uniwersitetiniň taryhdan öňki döwür boýunça arheologiýa kafedrasynyň müdiri, professor Nejmi Karulyň ýolbaşçylyk edýän Daş Depeler taslamasydyr. Şol taslamanyň çäklerinde ilkinji adamzat jemgyýetleriniň tehnologiki we durmuş-ykdysady ýaşaýşy barada çaklamalar etmek maksat edinilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Ynkylap güni Aşgabatda bellendi

Makron: Fransiýa Ýewropanyň emeli aň merkezi bolar

Ata Watan Eserleri

Tusk: Polşa Ýewropanyň öňdebaryjy ýurduna öwrüler

Türkmenistanyň wekiliýeti Tährandaky üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Gwatemala Türkmenistana täze ilçi belledi