SPORT

Türkmenistana GDA ýurtlarynyň III oýunlarynda ilkinji medaly boksçy Hangeldi Lukmanow getirdi

Azerbaýjanda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynyň III oýunlarynda Türkmenistanyň toparynyň gaznasyna ilkinji bürünç medal goşuldy. Ony boks ýaryşlarynda Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Hangeldi Lukmanow gazandy.

Bir ýyl mundan ozal ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşan, Nursähet Pazzyýewiň 16 ýaşly zehinli şägirdi Azerbaýjandaky GDA ýurtlarynyň oýunlarynda bu ýylky täze agram derejesi bolan 52 kilograma çenli ýeňil agramyň iň aşaky derejesinde medal üçin esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýardy.

Ýewlah olimpiýa merkezindäki ringe bu agramda 9 boksçy çykdy. Birinji tutluşykda H.Lukmanow eminleriň biragyzdan karary bilen Belarusdan Kirill Leýçankodan 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy, ýöne ýarym finalda şol bir hasap bilen Azerbaýjandan Aly Abasly ýeňilip, bürünç medaly bilen çäklendi. Türkmenistanly türgen bilen bilelikde Özbegistandan Bekzod Ismoiljonow hem hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Bäsleşigiň kümüş medalyny Edige Nurgoža (Gazagystan), GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň çempiony adyny bolsa Aly Abasly (Azerbaýjan) aldy.

GDA ýurtlarynyň III oýunlaryň ýaryşlary Azerbaýjanyň Genje, Ýewlah, Mingäçewir, Gabala, Şeki, Göýgöl we Hankendi ýaly ýedi sany şäherlerindäki 12 sany sport toplumlarynda geçýär. Bäsleşiklere 13 ýurtdan 23 ýaşa çenli 1624 türgen gatnaşyp, 8-nji oktýabra çenli sportuň 23 ugry boýunça 246 baýrakly ýerleri alarlar.

Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň düzümine 56 adam, şol sanda 36 türgen girdi. Olar 3×3 basketbol, boks, sport göreşi (erkin we grek-rim), karate, suwda ýüzmek, ok atyş we taekwondo görnüşleri boýunça çykyş edýärler.

Ýene-de okaň

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy