ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Käbe Borjakowa: halallygy baýdak edinen alym mugallym

Geçen ýyl alym gelneje Gurbanjemal Ylýasowa hakynda makala ýazmak üçin gürrüňdeş bolanymda ol ýatlamalarynyň arasynda:

— Häzirki döwürde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowanyň dissertasiýasyna Rahman aganyň opponent bolup çykyş edeni ýadymda. Şonda uniwersiteti bile tamamlan kursdaşym Käbe ýanyma gelip, «Ýolbaşçym Mäti Kösäýew meni Rahman Rejebowyň ýanyna iberdi. Ol meniň işime ilkinji opponent bolmaly, ýanyna barybilmän ýaýdanyp ýörün» diýdi. Käbä «Hiç ýaýdanma, çekinme, ol örän mähriban, adamkärçilikli adam, ýöne kän geplemeýär. «Hakyky ylym adamlary geplemezek bolýar diýýärler» diýdim. Soň ol: «Alymyň ýanyna baranymda, ol meni mähirli garşylady. «Geçiň, oturyň!» diýdi-de, temam barada sorady. Çekinjeňlik bilen «Türkmen halk döredijiliginde Alyşir Nowaýynyň (Myralynyň) obrazy» diýen temadan iş ýazandygymy aýtdym. Şonda halypa: «Siziň öň ýanyňyzda hem bir ýigit gelip, opponent bolmagymy sorady. Men oňa razylyk bermedim, edepsiz hasapladym, gürleşende elleri jübüsinde, gepleýşem hondanbärsi. Beýle adamlary halamaýan. Ine, seň işiňe bolsa opponent bolmaga razylyk berýän, arkaýyn bol, gyzym!» diýdi — diýip gürrüň berdi.

Ynha, halypalar bilen bagly şunuň ýaly ýatlamalaryň özi ýaşlar üçin görelde mekdebi. Şeýle beýik halypalaryň terbiýelän, bilim beren şägirtleri halkymyzyň tanymal adamlary bolup ýetişdiler — diýip, olaryň birnäçesiniň atlaryny buýsanç bilen aýtdy. Şol pursat onuň alym kärdeşi Käbe Borjakowa hakynda-da köp zatlar bilýändigini aňdym. Şonda oňa: — Gelneje, Käbe Borjakowa hakynda makala ýazamda-da  bilýänleriňizi gürrüň berersiňiz-dä — diýdim.

— Arkaýyn gel, Käbe-de ýazylmaga mynasyp alymdyr. Onuň adamsy Gurbangeldi Badyşewem mekdepde bile okan synpdaşym. Wah, ýöne Gurbangeldi indi näçe ýyllar bäri düşege baglanyp ýatyr. Ýogsa gaty zehinli inžener. Gurluşygyň çyzgylaryny çyzyp ýörendi — diýdi. Öz ýanymdan: «Käbe gelneje gaty gaýratly bolmaly. Syrkawa seretmek hem işlemek onda-da, ylmy işgär bolup işlemek aňsat däl» diýip içimi gepletdim. Şoň ýaly egni ýükli wagty gelnejäni az-da kän-de begendiresim geldi.

Dogrusy, öňem onuň alymdygyndan habarym bardy. Sebäbi bir mahal onuň ylmy işi bilen bagly çap bolan kitapçasyny okapdym, ýöne başga düýpli bilýän zadym ýokdy. Özünem hiç ýerde ýüzbe-ýüz görmändim. Onsoň ilki bilen şol kitabyna gaýtadan göz aýlap çykdym. 1992-nji ýylda «Myraly hem Soltansöýün» ady bilen Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň «Ensiklopediýa» neşirýatynda çap bolan kitap. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, professor Nazar Gullaýewiň redaksiýasy bilen  neşir edilipdir. Okyjylara has düşnükli bolar ýaly kitabyň girişinden bölek göçürip aldym.  «Çeperçilik taýdan entek onçakly kämilleşip ýetişmänligine garamazdan, ilat arasynda, esasan-da Mary etraplarynda ýörgünli bolan «Myraly hem Söltansöýün» («Gülpam») dessanydyr. Bu eseriň dessan hökmünde aýdylmagynda hem-de biziň günlerimize gelip ýetmeginde bagşy-sazandalaryň hyzmaty biçak uludyr.

Bu meselede, ozaly bilen ady agzalmaly meşhur bagşylaryň biri Gurt Ýakupdyr. Türkmen dessanlarynyň tutuş bir janly ensiklopediýasy hasaplanýan Gurt bagşy «Myraly hem Soltansöýün» dessanyny halypasy Rozy bagşydan öwrenipdir. Gurt bagşynyň aýaly Aksoltan bolsa onuň üstüni ýetiripdir. Aksoltan daýza dessany baryp on bir ýaşlaryndaka Kerim atly babasyndan öwrenen eken. 70-nji ýyllar töwereginde köne dessanlary, dini häsiýetli aýdymlary aýdýandygy üçin  radioda telewideniýede berilmesiz edilip, birsyhly yzarlanyp ýörlen Gurt Ýakupdan bu dessany ilkinji gezek mehaniki ýazga geçirip, öz ylmy işinde peýdalanan ýaş alym Käbe Borjakowadyr. Gurt bagşy şol wagtlar yzarlanyp ýörlenligi üçinmi bu dessany üzük-ýolugrak aýdyp beripdir. Käbe Borjakowa ätiýaç üçin dessany Gurt bagşynyň şägirdi Hezret Çaryýewdenem ýazyp alypdyr. Ol hem halypasyny, esasan bolşy ýaly gaýtalaýan eken. Bu kitapça  Hezret Çarydan ýazylyp alnan maglumatlar esasynda taýýarlandy.

Käbe Borjakowanyň Gurt bagşydan hem onuň şägirdi Hezret Çarydan ýazyp alan bu dessanynyň bir nusgasy Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň golýazmalar hazynasyna-da tabşyrylypdyr.

Käbe Borjakowanyň diňe şu dessan bilen bagly ylmy işi saýlap almagynyň özi gyzyklandyrdy. Her gezek teleýaýlymdan dessançy bagşylaň aýdýan «Gülpam» dessanyny diňlämde, Käbe gelneje ýadyma düşýär. Aslynda menem meşhur dessançy bagşy Gurt Ýakubyň aýdan aýdymlaryny, dessanlaryny diýseň gowy görýän. Merhum ýazyjy Oraz Ýagmyrowyň «Gurt Ýakup» atly kitabyny bir gijede okap çykdym. Şol kitabyň üsti bilen bagşynyň öz döwründe gadry bilinmän, onuň döredijilik dünýäsine düşünilmän gören jebri-jepalaryna gynanyp agladym . Neressä: «Indi aýdym aýdanyňy eşitsek, gözenegiň aňyrsynda oturmaly bolarsyň» diýenlerinde: «dutarym bilenmi?» diýip beren jogabynyň özüni gözüňe ýaş aýlaman okamak mümkin däl. Ynha, şeýle ykbally dessançy bagşyny ýüzbe-ýüz görüp diňlän alym gelnejäniň bagşy bilen bagly ýatlamalary diýseň gyzyklandyrdy. Onsoň öýmüziň golaýynda ýaşansoňlar ilki bilen Gurbanjemal gelnejeleň öýüne baryp gürrüňdeş bolduk. Ol:

— Käbe menden iki ýaş kiçi. Häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine bile girdik. Ol bäş-alty ýaşda mekdebe gatnapdyr.  On bäş ýaşda talyp boldy. Biziň birinji kursdan aramyz gowudy. Sapakdan sapaga, synagdan synaga ikimizem bäşlik baha bilen okaýardyk. Käbe şeýle bir işjanlydy. Her gün irden eýýäm sagat alty boldugy umumy ýaşaýyş jaýdaky otagymyň gapysyny kakyp durandyr.  Boş otagda bile synaga taýýarlyk görerdik. Erjel, zähmetsöýer, «arasynda arakesme alyp dynç alaýaly» diýsem, «biraz taýýarlanaly, ýogsa bäşlik alyp bilmeris» diýip özem taýýarlyk görerdi, maňa-da «oka» diýip dynç almaga rugsat bermezdi. Ir sagat altyda başlap birimiz okap, birimiz diňläp özara jedelleşip, pikirimizi aýdyp sagat bire çenli taýýarlanýardyk. Onsoň sagat birden ikä çenli nahara çykyp, ýene sagat ikide taýýarlyk görmäge baraýmalydy. Synag döwri küti kitaby bir hepdede okap öwrenip ýetişmelidi. Käbe bilen düşünişip okaýardyk. Synaga baranymyzda talyplar birinji bolup synag tabşyrmaga çekinerdiler. Käbe ikimiz synaga ilki bolup bile girmeli bolardyk. Ol dogumly, gaty sesi bilen batly aýtmagy gowy görerdi. Özümiň ýadyma düşenok. Indi käte ol: «Şo mahallar maňa «gaty gürleýäň» diýip bellik aýdardyň» diýýär. Ol ýokary okuw mekdebi «gyzyl diplom» bilen gutardy. Okuwymyzy tamamlanymyzdan soň, ikimizem uniwersitetiň «Jemgyýetçilik ylymlary» kafedrasyna mugallym edip alyp galjak boldular. Galmadyk. Ikimizem welaýata gitdik. Ol Daşoguza, menem Mara. Özi yhlasly bolansoň, soň ol ýene uniwersitetiň aspiranturasyna okuwa girdi. Menem Magtymguly adyndaky Dil edebiýat institutyna  aspirantura gaýybana girdim. Şo mahallaram biz bir-birimiz bilen gatnaşyk saklaýardyk. Ikimizem durmuşa çykyp, çagalydyk. Biz ýene ylmy işimiz üçin bile iki ýyl maglumat topladyk. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynda bile okardyk. Şeýdip ikimizem elýazma görnüşde dissertasiýamyzyň taslamasyny taýýarladyk. Soň hat ýazylýan enjamda maşynkada öýde peçat edip hödürledik. Men soň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «ensiklopediýa» neşirýatyna işe girdim. Käbede uniwersitetiň Magtymguly muzeýine işe girdi, ýöne az wagtdan ol  meniň iş ýerime işe geldi. Şeýdip bir ýerde bile işledik. Maşgala bolup gatnaşdyk. Şol wagtlar öňki Halkara türkmen-türk uniwersiteti açyldy. Şo ýerde kän ýyl işledi. Käbäniň hiç kim bilen işi ýokdur. Diňe öz işi bilen gümra. Käbe ylmy işi boýunça Özbegistanyň Daşkent şäheriniň kitaphanalaryna, muzeýlerine arhiw maglumatlaryny gözläp, iş saparyna gidýär. Şo mahallar meniň ylmy ýolbaşçym akademik Baýmuhammet Garryýew Daşkende özbek alymyna opponent bolup barýar. Käbe Baýmuhammet aganyň ýokary wezipeli ýurt baştutanyny garşylanan ýaly  motorly, maşynly, polisiýa işgärleri bilen garşy alnyşyny görüp geň galýar. Şonda oňa: «Senem türkmen gyzy. Türkmenistandan Baý eke geldi» diýip, şol ýerdäki dissertasiýa goralyşa äkidýärler. Uly hormat goýup, özbek kärdeşleri Baýmuhammet aganyň kellesine özbek tahýasyny geýdirýärler. Şonda Käbe oňa: «Mugallym sizi özbek doganlarymyz diýseň sylaýan ekenler» diýipdir.  Baýmuhammet aga: «Wah, meniň Moskwada, beýleki doganlyk ýurtlarda sylanyşymy görseň, diňe öz ýurdumda gadrym ýok» diýipdir. Şol gürrüňdeşlikde ol Käbeden: — Sen Ylýasowany tanaýaňmy?» diýip sorapdyr. «Hawa tanaýan, onuň bilen bile taýýarlyk görýäs, mugallym» diýse: —  Oňa aýt, meň ýanyma gelsin. Dissertasiýa aňsat iş däl. «Alma biş, agzyma düş» diýip oturmasyn» diýipdir.

Gurbanjemal gelneje bilen hoşlaşyp turmakçy boldum welin, onuň şägirtleriniň biri Nurgözel Saparowa gapydan girdi. Ýene biraz oturdym. Saglyk-amanlyk soraşdym-da: «Nurgözel jan, senem Käbe Borjakowa hakynda gürrüň berip bilersiňmi?» diýdim.

— Hawa, ol meniň halypalarymyň biri — diýip, gürrüň berip başlady:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna işe geläýen wagtlarym Käbe Borjakowa bilen bir otagda işledik. Meýilnamalaýyn işimiň daşyndan «Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň sinonimler sözlügini» taýýarladym. Şonda sorag ýüze çyksa ondan maslahat soraýan. Käbir gadymy sözleriň manysyny anyk, dogry, örän giň maglumatlar bilen düşündirýär. At sözüniň bedew, ýaby, ýorga, gylýal diýen ýaly birnäçe manydaş sözlerini düzmekde ýakyndan ýardam etdi. Pars dilinden nusgawy edebiýata aralaşan äbs sözibar. Sement sözi hem pars dilinde at manyda. Sözlügi düzmek üçin kän ylmy çeşmelere salgylandym. Käbe halypadan ýorga sözüniň manysyny soradym.  «Münmek üçin rahat bolan at» diýdi. Onsoň Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi bilen deňeşdirenimde ýoryga sözi ýöremek manyda getirilipdir. Şol ýoryga sözi ýorga sözi bilen kökdeş. Munuň özi halypa Käbe Borjakowanyň ylmy maglumatlary anyk hem takyk düşündirýänligini aňladýar. Özara gürrüňdeş bolanymyzda ol ylmy dilde gürlemegi maslahat berýär. «Alym hemişe ylmy dilde gürlemeli» diýýär. Ol ylma düýpli seredýär. Ýüzleý öwrenmeýär. Ýaşlaryň ylmy işlerine syn ýazanda-da: «entek bir hepdeläp okamaly» diýip, her gün bäş sahypa, on sahypa okap, düýpli seljerme berýär. Halypa ylymda howlukmaçlyga, säwliklere ýol bermeýär. Özüne berlen sowaly düýpli düşündirýär. Talap edende-de mylaýym, sypaýçylyk bilen talap edýär. Ir bilen işe geleňde-de, gowy sözler bilen ruhlandyrýar. «Nesilleriňizem özüňiz ýaly ylymly bolsun» diýip dileg edýär. Ylma bolan garaýşyňy, öz işiňe bolan höwesiňi artdyrýar. Özem şu gün işe ir geldim diýip gelersiň welin, ol eýýäm iş otagynyň içini ýelejiredip, işläp oturandyr. Işden soňam wagtynda gaýdýar. Häzir men başga otagda oturýan. Onda-da käte wagt tapsam ýanyna salama barýan. «Oglum, gyzym, dostluk gowy zatdyr» diýip agzybirligi ündeýär. Ylmy işimi ýazmakda ilkinji syn berenem, makalalarymda ugrukdyryp, bellik etmekde-de kän kömek etdi. Özem düşündirende halypasy professor Mäti Kösäýewiň sözlerini mysal getirip düşündirýär. Edil beýik alymlaryň leksiýasyny diňlän ýaly bolýaň. «Mäti aga ýaş alymlar gelse şeý diýerdi» diýip, onuň: «Biten işiň bitse aýby ýok» diýen sözlerini mysal getirip, «Ýerinde düzedäýiň, yzyna gaýtarmaň» diýerdi diýip, halypasynyň aýdyşy ýaly, hereket edýär — diýip, ol barada öwgüli sözler aýtdy.

Şeýlelik bilen ýakynda Käbe Borjakowanyň iş ýerine bardym. Ilki terjimehaly bilen gysgajyk tanyşdyk.

Käbe Borjakowa 1946-njy ýylyň 10-njy maýynda Daşoguz welaýatynyň häzirki Görogly etrabynda doglan. Ol dört aýal doganyň biri. Onuň öz maşgalasynda üç ogul, bir gyz perzendi bolup bäş ýyl mundan öň bir ogly dünýeden gaýdypdyr. Alym gelneje dürli ýerlerde, dürli wezipelerde işläpdir. «Garaşsyzlygyň on ýyllygyna» atly  ýubileý medaly bilen sylaglanypdyr. Işgärler bölüminden oňa mugallym bolup işlän döwründe berlen häsiýetnamany okap gördüm. «Käbe  Borjakowa 1995-nji ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň uniwersitetleriniň birinde mugallymçylyk fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty bölüminiň uly mygallymy bolup işe başlady. Uniwersitetde işlän döwrüniň dowamynda ol asylly tertipli, başarjaň halypa mugallym hökmünde tanalyp, uniwersitetiň ýolbaşçylary, bölüm müdirleri tarapyndan tabşyrylan okuw-terbiýeçilik işleri bilen baglanyşykly ähli meseleleri, ýumuşlary öz wagtynda bir kemsiz ýerine ýetirmäge çalyşdy. Uniwersitetiň içki tertip-düzgünini, zähmet şertnamasynyň şertlerini berk berjaý etdi. Ol özüni köpçülikde saýhally, gürrüňdeşlikde mylakatly alyp bardy. Borjakowa özüniň bilim derejesini ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek üçin yzygiderli işledi. Her bir işi tutanýerli ýerine ýetirdi. Şonuň üçin ol işdeş ýoldaşlarynyň arasynda uly hormata eýe boldy. Syýasy tarapdan sowatly, häsiýeti boýunça sada, degişgen, işine ukyply hünärmen hökmünde tanalýardy» diýip häsiýetlendirilýär.

Ol hakykatdan hem şeýle öwgä mynasyp eken.

Sebäbi iş otagyna gürrüňdeşlige baranymda göz ýetirdim. Käbe gelnejäni ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görşümdi. Juda mähirli, aýdýan gürrüňleri bilen özüne bada-bat çekdi. Dogry, kimdir biri bilen gürrüňdeş bolnanda öte sowatly bolsa «alym ýalydyr» diýlip baha berilýändigine kän gabat gelýän. Bolmalysy şeýledir, sebäbi ol alym. Onda-da daşyndan juda sada keşpdäki mähriban zenanyň nähilidir bir üýtgeşik mähir söýgüsi kalbymy duýgulandyrdy. Onuň her bir aýdýan gürrüňinden diýseň gaýratlylygyny, dogumlylygyny, işjanlylygyny aňmak kyn däl.

— Obamyzda 1936-njy ýylda gurlan iki gatlyja mekdep bardy. Dädem şol mekdepde 41 ýyl direktor boldy. Mekdebiň ikinji gatynda-da öýmüz bardy. Şol mekdepde okadym. Zehinli okuwçylary klasdan klasa bökdürilmek düzgüni bardy. Şoň üçin men mekdebi on bäş ýaşymda gutardym. Soň ýokary okuw mekdepde bilim aldym. Kän ýyl öňki halkara türkmen-türk uniwersitetinde mugallym boldum — diýip sözüni tamamlajak boldy,  ýöne men ýene sorag berdim. Onuň okadan okuwçylarynyň ählisi diýen ýaly ýolbaşçy wezipelerde işleýändiginden habarym bar. Şonuň üçin mugallym hökmünde sapak geçiş aýratynlyklaryny soradym.

— Sapaga girenimde ilki bilen iki ýurduň döwlet senasy bilen başlardym. Her gün sapak geçemde 25 sorag taýýarlap, aşagynda her soragyň gysgadan manyly anyk jogaplaryny taýýarlap barýardym. Şol soraglary jogaby bilen talyplara ýazdyrardym. Her sorag bilen bagly bir ýarym, iki sözlemden artyk boş gürrüň ýok. Türk toparda-da türkmen toparda-da türkmen dilinde okatdym. Ertirki sapaklara taýýarlyk görmek üçin her gün gije sagat ikä-üçe çenli ýazuw çeşmeleri dörüp taýýarlanýan — diýdi. Mugallym, dessançy bagşy Gurt Ýakup bilen bagly ýatlamalar ýadyňyza düşýärmi? — diýdim.

— Gurt bagşynyň ýanyna aýdym-saz ugrundan işleýän ýüwürjimi öňümize düşürip, ýedi adam bolup bardyk. Emma ol bir bada ýaýdandy. «Ýok, siziň bu ýumşuňyzy bitirip biljek däl. Iki gün mundan öň ýerli ýolbaşçylar maňa: «Gaýdyp aýdym aýtmaryn» diýdirip ant içirtdiler» diýip başyny ýaýkady. Zenan maşgala bolamsoň oňa: «Gurt aga, arkaýyn boluň, çekinmäň! Bizden size zyýan gelmez. Men ýaş alym. Ylmy işimde peýdalanmak üçin haýyş bilen geldik» diýip düşündirdim. Şondan soň ol biziň zyýansyz adamlardygymyza ynandy — diýip gürrüň berdi, ýöne özi hakynda başga kän zat gürrüň bermedi.

Onsoň onuň alyp baran işleri hakynda kärdeşlerinden soradyk. «Borjakowanyň Türkmen ensiklopediýasynyň 1-10-njy tomlarynyň arasynda ýazan makalalary bar. «Edebiýaty öwrenişe dil bilimi» dünýä ýurtlaryna degişli makalalary bar. 1995-2016 ý.ý. işlän uniwersitetiniň «Berkarar döwletiň batly gadamlary», «Türkmen ylmy halkara gatnaşyklar ýolunda» atly makalalar ýygyndylarynda çap edilen makalalary bar. «Magtymguly Pyragy Garaşsyzlyk ýyllarynda» atly okuw gollanmasy 2012-nji ýylda neşir edildi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri wagtynda «Nurmuhammet Andalybyň «Ýusup-Züleýha» dessanynda folklorçylyk däbi» atly temada ylmy-barlag işini alyp bardy. Halkara türkmen-türk uniwersitetinde işlän döwründe «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde köňül pelsepesi», «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde wesýetler pelsepesi», «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde mert ýigit pelsepesi», «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde toba pelsepesi», «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňdengörüjilik pelsepesi» ýaly onlarça makalalary uniwersitetiň dürli neşirlerinde çap boldy»  diýip gürrüň berdiler.

Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, häzirki wagtda Käbe Borjakowanyň kärdeşi Akgül Kaýumowa:

— Käbe Borjakowa meniň tanaýşymça uly alym. Ömrüni ylma bagyşlan, tutanýerli, işine berlen zähmetsöýer halypa. Durmuş bilen bagly ýa-da ylym bilen bagly bilmeýänimizi ondan sorap öwrenýäs. Ol köp ýyllap öňki Halkara türkmen-türk uniwersitetinde mugallym bolup işledi. Bir pursady ýatlaýyn. Meni uniwersitetiň gutardyş synagynda döwlet synag toparynyň başlygy belläp iberdiler. Şonda Käbe Borjakowa hem synag toparyň agzasy eken. Günde-günaşa görüşýärdik. Talyplar Käbe mugallymyň ýolbaşçylygynda gutardyş synagynda diplom işlerini goraýardylar. Käbe mugallymyň talyplaryna jogapkärçilikli, ylmy tarapdan tema saýlap ugrukdyrmakda, çykyp gürlänlerinde sowatly çykyş etmeklerini, nähili yhlasly tagallasy bilen taýýarlap ugrukdyrýandygyna göz ýetirdim. Käbe mugallym belent adamkärçilikli zenan. Özi ulag sürýärdi. Ol institutdan ulagy bilen işime elterdi. Wagtyň çäkli bolsa-da, «Duz datman gitmäň» diýerdi.  Beýik adamlar pes päl bolýar. Adamkärçiligi bilen talyplara ene mährini berip, talyby özüne imrindirip bilýän alym. Mäti aga hakynda gürrüň bermegi gowy görýär. Bizem ol barada bilmeýän ylmy maglumatlarymyzy, edebi döredijiligi barada maglumatlary hemişe soraýarys. Hakyky durmuşy wakalar bilen düşündirýär, sowallarymyza sowatly jogap berýär. Synag döwründe her hili sözler, halk döredijiliginiň inçe syrlaryny, gadymy sözleň aňladýan manysyny halkyň adaty gepleşik dilinde «ulanylýan sözleriň aňladýan many-mazmunyny çuňňur düşündirip bilýän alym mugallym. Özüniň ruhy beýik, ruhubelentligi bilen töweregine täsir etmegi başarýar. Kynçylykly ýagdaýlarynda-da, agyr ýagdaýlaryny ile duýdurman saklaýan mert zenan. Zeýrenip ýören däl. Özgelere ruhy lezzet paýlaýan alym zenan — diýip baha berdi.

Käbe gelneje hakynda şeýle öwgüli sözler entegem kän, ýöne onuň kärdeşi Gurbanjemal Ylýasowanyň şu aýdan gürrüňi bilen makalamy jemläsim geldi. Ol: «Käbe janyň aýratyn bir häsiýeti bar. Ol hemişe ýan ýoldaşyna-da, çagalaryna-da: «Az bolsun, uz bolsun, ýöne maşgala ojagymyza halal gazanjyňyz gelsin» diýýär. Durmuşda-da, haýsy işde işlese-de Käbe halallygy baýdak edinip ýaşaýar» diýdi. Şonuň üçin makalamyň sözbaşysyna «Halallygy baýdak edinen alym mugallym»  diýip sözbaşy goýdum.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Hajy Kakalyýew: «On ýedimiň bahary»-ny gözleýän

Röwşen Hallyýew: ýüreklerde aýdym-sazlaryň galdy

Ata Watan Eserleri

Rejepguly Kerimow: sungatyň hakyky eýesi

Nurmuhammet Meredow :«Aýdymlarym bilen ýaşaryn»

Oguldurdy Mämmetgulyýewa :aýdyma meňzeş ýatlamalar

Ata Ilamanow: aýdym–sazly ömür

Ata Watan Eserleri