SÖHBETDEŞLIK

Jumamyrat Gurbanow: “Derýa” aýdymy bilen meşhur bolan halypa

Gyşky dynç alyş günleridi. Ejemi görmek hem dynç almak maksady bilen çagalarym bilen oba tarap ýola düşdük. Otludan düşüp, ýeňil ulaga mündük welin, sürüji radionyň nurbatyny towlap goýberdi-de, ýola düşmek bilen boldy. Şol wagtam mahmal owazly halypa aýdymçy Jumamyrat Gurbanowyň “Derýa” aýdymy ýaňlanyp başlady.

Seýle çyksam kenaryňa,

Kenaryň lälezar derýa.

Durna düşen sonaryňa,

Gözlerim intizar derýa…

Aýdymyň jadyly owazy bada-bat ünsümi özüne çekdi. Aýdyma goşulyp hiňlendim.  Birden sürüji:

–  Saz bilen söhbede ýaman diýmäňler,

Adam, Howa dünýä gelende bardyr.

Abyl bilen Kabyl ene garnynda

Olar hem dünýäge gelende bardyr

diýleni hakykat. Bu aýdym size gaty täsir etdi öýdýän — diýende daşymdan hiňlenenime göz ýetirdim.

      — , hawa. Aýdym-sazyň jadylaýjy güýji maňa diýseň täsir edýär. Biparh diňläp bilemok. “Allatagala bedene jany hem saz bilen salypdyr” diýilýär. Ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri aýdym-saza uly hormat goýup gelipdir. Aýdym-sazyň keramatly güýjüne ynanan pederlerimiz aýdym-saz bilen diňe toýuny toýlaman, eýsem, ençeme jeňleriň hem öňüni alypdyr” diýip oýa batyp otyrkam, birden sürüji seslendi:

– Jigim bir türkmen filmde bara-a, doganyny halas edýän dutary bilen – diýip, sürüji soragly nazaryny aýlady.

–  Hawa, bu biziň belli ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda goýulan film–  diýip jogap berdim.  Özara  söhbete gyzyp, öýe nädip ýetenimizem duýman galdyk.

Öýe baryp dynç alanymdan soňam aýdymçynyň owazy gulagymda ýaňlanyp durdy. Onsoň halypa aýdymçy Jumamyrat Gurbanow bilen söhbetdeş bolmagy niýet edinip, onuň telefon belgisiniň gözlegine çykdym. Soňra-da oňa jaň aýlap, pikirimi aýtdym. Ol:

– Geliň-geliň, baş üstüne! – diýip, mylaýym ses bilen jogap berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow bilen iş ýerinde – Saýat etrabyndaky çagalar sungat mekdebinde duşuşyp, söhbetdeş bolduk.

Jumamyrat aga, adaty sorag bolsa-da, söhbetdeşligimiziň başyny  aýdym-saz sungatyna gelşiňiz baradaky  gürrüňleriňizden  başlaýalyň? 

     — Ýaşlygymdan aýdym-sazyň içinde ulaldym. Kakam, Seýitmyrat agam dagy aýdym-sazy söýýän, sarpa goýýan adamlardy. Ömrüni daýhançylyga bagyş edenem bolsa,  kakam aýdym-saza  gowy  düşünýärdi. Ýadap dynç almaga oturan wagty mydama aýdym diňlärdi. Radioda berilýän halk aýdym-sazlary, essan-da, dessançy bagşy Gurt Ýakubow, milli bagşyçylyk sungatymyzyň ärsary ýolunyň ussat bagşysy Mustak Aýmedow ýaly birnäçe bagşylaryň aýdymlaryny has-da gowy görüp diňlärdi. Onuň özem  kiçiräk toýlarda naý tüýdügiň ýanynda halk aýdymlaryny aýdardy. Köplenç hem özüniň deň-duşlaryny öýmüze çagyryp,  bagşy-sazandalar bilen aýdym-saz edip oturardylar. Jumanazar aga diýilýän dessançy bagşy bize köp gelerdi. Ol “Saýatly-Hemra”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Şasenem-Garyp” we başga-da birnäçe dessanlary aýdyp berýärdi.  Ol wagtlar men alty-ýedi ýaşly çagadym. Öýe bagşy gelse begenýärdim. Olaryň ýanyndan aýrylman oturardym. Bäş-on sany goýnumyz bardy. Obamyzyň çetindäki ýaýla goýun bakmaga gidýärdim. Goýunlar otlap ýören wagtlary çopan taýagymy hamana dutar ýaly elimde saklap, öýmüze gelýän bagşylara öýkünip, sesimiň ýetdiginden gygyryp, bilýän aýdymlarymdan aýdýardym. (synpa okuwa baranymdan soň aýdym-saz gurnaklaryna gatnap başladym.) Biz çaga wagtlarymyz telewizor, teatr, medeniýet öýleri ýokdy. Obamyzda ullakan radio bolardy. Obada ýygnak bolsa ýa-da kino görkezilse, ýa bolmasa, bir maşgalanyň tutýan toýlary bolsa-da şol radioda habar berilýärdi.

          — Bular barada ýadyňyza düşýän käbir ýatlamalaryňyzy ýatlaýsaňyz? Pursatlar bilen bagly gürrüň berseňiz söhbetimiz has-da täsirli bolar, Jumamyrat aga!

         –  Elbetde, şu günki gün ýaly ýadymda çagalykdaky wakalar ýatdan çykmaz eken. Bir gün oba sagaldyş öýüniň ýanynda hindi kinosynyň görkeziljekdigi habar berildi. Obamyzyň ähli ýaşaýjylary diýen ýaly şol gün ir öýlän hemme işini dynyp kino görkezilýän ýere bardylar. Kim keçesi, kimsi düşekçesini ýanynda göterip şol ýere bardy. Her kim öňräkden ýer alyp, ýere keçesini, düşegini ýazyp  gara başyna gaý boldular. Menem hemişe öňde, has golaýrak oturmak üçin ilki baryp oturýardym. Hindi halkynyň dünýä belli artisti Raj Gapuryň kino filmlerini has gowy görýärdim. “Sangam”, “Sergezdan”, “Jenap 420-i” we şuňa meňzeş birnäçe filmlerdäki aýdan aýdymlary meni has-da özüne çekýärdi. Mekdepde gurnaklara gatnaýarkam,  mandalina saz guralyny çalmagy öwrenýärdim. Şol saz guraly bilen Raj Gapuryň aýdymlaryny aýdýardym.

Jumamyrat aga, şu mahal söhbetdeşligimiziň arasynda hindi aýdymlaryndan hiňlenip berseňiz, onsoň söhbetdeşligimizi dowam edäýeris.

— Baş üstüne, “Sergezdan” filminden bir aýdymy aýdyp bereýin. O döwürde mekdepde 8 ýyllyk bilim berilýärdi. Mekdebiň soňky klasynda okap ýörkäk synp ýolbaşçymyz bize – “Okuwçylar, haýsy hünäri saýlaýarsyňyz? Ine, size sorag-jogap kagyzy” diýdi-de, öňümizde kagyz paýlap goýdy. Şonda aýdym-sazy gowy görýanligimi, bagşyçylyk hünärini saýlajakdygymy ýazypdym. Ýöne mugallyma bagşy boljak diýen bolsam-da, mekdebi gutaraýan wagtlarym biraz syrkawladym, şonda kakam: “Oglum aýdym-sazam, sungatam gowy, ýöne lukman bolsaň has gowy bolar. Özüňe hem il-günüňe kömek berersiň. Ähli üstünlik saglykdan başlanýar” diýdi. Şeýlelikde kakamyň maslahaty bilen (öňki Çärjew) Türkmenabat şäherindäki Lukmançylyk orta okuw mekdebine okuwa girdim. Lukmançylykda okasam-da, aýdym-saza bolan höwesim halys erkime goýanokdy.

        – Onsoň aýdym-saz sungatyňyzy esasy işiňiziň gapdaly bilen ýöretdiňizmi ýa-da aýdym-saz ugrundanam bir ýerlerde okadyňyzmy?

– 1969-njy ýylda (öňki Çärjew)Türkmenabat şaheriniň Himik şäherçesinde kiçiräk studiýa döredildi. Şol studiýada şahyr Allaýar Çüriýewiň sözlerine, Baýram Hudaýnazarowyň sazyna döredilen “Gel obamyň lälesi” aýdymyny ýerine ýetirdim. Bu aýdymy ilkinji  gezek 1968-njy ýylda Türkmenistanyň halk artisti Myrat Sadykow Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde geçirilen ýaşlaryň we talyplaryň Bütindünýä festiwalynda aýdyp ýörite diploma eýe bolupdy. Soňra bu aýdymy halypa Annaberdi Atdanow, Aýdogdy Gurbanow we başga-da birnäçe aýdymçylar ýerine ýetiripdiler. Şolaryň hatarynda menem öz repertuarymda ilkinji gezek mandalina saz guralyna goşup şol aýdymy aýtdym.

Tebigat beripdir saňa,

Bir  ajaýyp  gözellik,

Seň gözleriň serwi boýlym,

Şahyrlara gazallyk…

diýlip, başlaýan ol aýdym häzirki günlerde-de teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp dur – diýip, halypa aýdymçy aýdymy ýerine ýetirdi.

–   Jumamyrat aga gürrüňleriňizden çen tutsak, sungata gelýänçäňiz, dürli  kärlerde işläpsiňiz? Bu babatda gysgajyk gürrüň berseňiz?

–  Hawa, lukmançylyk orta okuw mekdebini tamamlap, 1971-nji ýyldan 1974-nji ýyla çenli oba saglyk öýüniň müdiri bolup işledim. Elbetde, lukmançylyk kärinem erbet göremokdym, ýöne aýdym-sazam unudyp bilemokdym. Içimde düşündirip bolmajak bir duýgy halys erkime goýanokdy. Ahyry aýdym-sazyň jadyly dünýäsinden aýry ýaşap bilmejekdigimi bildim. Onsoň 1974-nji ýylda goňşy ýurdumyz Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde ýerleşýän konserwatoriýa okuwa gitdim. Emma gijä galypdyryn, baranymda giriş synaglary eýýäm tamamlanan eken. Onsoň şo mahallar Özbegistanyň oba-hojalyk institutynda okaýan agamyň ýanyna baryp ýagdaýymy aýtdym. Ol: “Ýigide müň dürli hünärem az” diýipdirler inim, pikirlen. Bolmasa, meniň okap ýören institutyma  synanyşyp gör. Okasaň, gowy bolardy” diýdi. Şeýdip agamyň sözi bilen Özbegistanda oba-hojalyk institutyna okuwa girdim. Daşkentde okaýan wagtlarymyz türkmen talyplarynyň arasynda oglan-gyzlardan aýdym-saz toparyny döredip, türkmen halk aýdymlaryny, estrada aýdymlaryny aýdyp, birnäçe gezek üstünlikli ýeňişler gazandyk. Şeýdip okuwymy tamamlap Türkmenistan ýurdumyza geldim. Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynda agronom bolup işlemek üçin ýollanma berdiler. 1979-njy ýyldan 1983-nji ýyla çenli şol ýerde agronom bolup işledim.

Soňraky zähmet ýoluňyzyň dowamy hakyndaky gürrüňleriňizi diňlemäge howlugýan. Sebäbi sungat ýolunyň çylşyrymly menzillerini geçipsiňiz?

–  Elbetde, her bir ene-ata çagasynyň ýanynda bolanyny kem görenok. Şeýdip dogduk obamyza dolandym. Obamyza geläýen döwürlerim “Balsaýat” ansamblynyň täze dörän wagtlarydy. Çeper höwesjeňleriň toparyna goşulyp işläp başladym. Soňra 1992-nji ýylda (öň Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde) Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde gaýybana okuwa girdim. Plektor dutary boýunça professor Çary Babaýaewden tälim aldym. Dogrusy, aýdym-saz ugrundan ilkinji halypam kakam hem agam. Olardan başga-da meşhur aýdymçylar Abdyleziz Ymamow, Babamyrat Hamdamow, Annaberdi Atdanow, Gurban Gummanow, bagşy Gurt Ýakubow, Gaýgysyz Çaryýew ýaly bagşylary gaýybana halypalarym hasaplaýaryn. Bu beýik halypalary diňläp köp zatlary öwrendim. Abdyleziz halypa bilen birnäçe gezek duşuşyp, maslahat aldym. Aýtjak bolýanym halypa Abdyleziz Ymamowyň “Bäri gel” diýen aýdymyny özbek aýdymçysy Almahan Haýidowa soň Nasiba Abdullaýewa dagylar aýtdylar. Bu aýdym 1985-86-njy ýyllarda ýörgünli aýdymlaryň biri boldy. Men bu aýdymyň nusgawy şahyrymyz Zeliliniň goşgusyna ?? Abdyleziz Ymamowyň döreden aýdymydygyny giç bildim.  Bu aýdymy  Hindi, Azerbaýjan, Gruzin aýdymçylary-da aýtdylar. Edil şu günlerem toýlarymyzyň bezegi.

Jumamyrat aga, döredijiligiňizde meşhur bolan aýdymlaryňyz az däl. Öz ýerine ýetirýän aýdymlaryňyz hakynda aýdaýsaňyz?

– Dana şahyrymyz Magtymguly atamyzyň çuňňur paýhasa eýlenen goşgularynyň ölmez-ýitmez bolşy ýaly, käbir aýdymlar hem meşhurlyga eýe bolýar. Käbir aýdymlar bar ol diňleýjiniň kalbynda müdimilik ýer edip, onuň ykbalyna öwrülýär. Meniň aýdýan “Obamyň gyz-gelinleri”, “Näz bilen” ýaly aýdymlar aýdym-saz muşdaklarynyň gyzgyn sýgüsini gazanan aýdymlar boldy. Soňra “Derýa”, şeýle hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösüşlerini wasp edýän “Diýarym”, “Bitarap Türkmenistanym” aýdymlar hem goşuldy. Bu aýdymlaryň sazyny özüm ýazdym. Elbetde, adamyň göwni joşanda kalbyňdan joşup çykan sözler öz-özi ak kagyzyň ýüzüne peýda bolýar eken. Şeýdip gelin-gyzlarmyzyň waspyny taryplap düzen “Näz bilen” aýdymym döredi. Bu aýdymy özboluşly öwüşgin berip ýerine ýetirdim. Ine, şu günlerem “Bagtly günlerim” atly aýdymyň üstünde işleýärin. Nesip bolsa, ýakyn günlerde halk köpçüligine hödürläris – diýip, halypa aýdymçy sözüni dowam etdi.

          Halypalar öz ýoluňy tapmakda, zehin belentligine ýetmekde esasy ýol görkeziji bolup durýar. Halypanyň sungaty, köňlündäki ruhy akaba. Şeýle akabalaryň birleşen owazyndan, oňa şägirdiň zehininiň  goşulmagyndan täze bir ýol – öz  ýoluň kemala gelýär. Sungatyň haýsy bir  ýolundan gitseňem, aňsat däl. Aýdym-saz sungatynyň hem özüne mahsus özboluşly taraplary bar. Ozalynda bu jadylaýjy sungata Ýaradanyň ynsana bagyşlan mizemez zehini gerek. Ýöne şol zehini kämilleşdirmek üçin irginsiz yhlasly zähmet hökmany gerek – diýip aýdymçy halypa sözüne dyngy berdi.

–  Jumamyrat aga,  her bir ugurda halypa-şägirtlik ýolunyň aýratyn orny bar.  Şägirtleriňiz hakynda-da aýdaýsaňyz?

         – Bir gezek işde saz çalyp hiňlenip otyrdym. Gapy kakyldy-da yuwaşjadan: “mümkinmi?” diýip, Daňatar Gurbanow ýylgyryp geldi. Ol: “Halypa men Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine gatnaşjak bolýan. Obamyzda, etrabymyzda toýlarda aýdym aýdýan. Indem siz maňa halypalyk etseňiz, siziň ýerine ýetiren “Derýa” aýdymyny aýtsam nähili görýäňiz?” diýdi. “Derýa” aýdymyň sözleri halypa Abdyreşit Taşowyňky, sazynam özüm ýazdym. “Baş üstüne, elimden gelenini öwrederin, arkaýyn geliň! Işiňiz ugruna bolsun!” diýip, türgenleşige başladyk. Şeýdip  Daňatar Gurbanow hem “Derýa” aýdymyny aýdyp, 1993-nji ýylda “Ýaňlan diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şondan soň täze aýdymyň üstünde işlese, “halypa şu aýdymy şeýleräk aýtsam nähili bolar?” diýip,  köplenç, maslahatlaşmak üçin gelerdi. Ýöne görgüliň ömri gysga eken, aramyzdan ir gitdi-dä. Imany hemra bolsun!

Şu gün Daňatar neressäniň kyrkyny sowduk.

– Bagyşlarsyňyz, Jumamyrat aga!

– Jigim, geleniňiz gowy boldy. Neressä gynanyp otyrdym. Ünsümi sowaýdyňyz.

     Söhbetdeşligimiziň ahyrynda okyjylary maşgala durmuşyňyz bilen tanyşdyraýsaňyz,   şeýle-de   ýaşlara berjek maslahatyňyz?   

         – Men 1951-nji ýylyň 6-njy iýulynda Lebap welaýatynyň Bujak obasynda daýhan maşgalada doguldym. Maşgalamyz barada aýtsam, ýanýoldaşym öz obamyzdaky mekdepde mugallymçylyk edýär. Biologiýa dersi boýunça okuwçylara sapak berýär. Hudaýa şükür, iki oglum, üç gyzym bar. Çagalarymyzyň hemmesem ýokary bilimli, hersi bir ojagyň eýesi. 1992-nji ýyldän bäri Saýat etrabyndaky sazçylyk mekdebinde mugallym bolup işläp gelýärin. Häzirki wagtda çagalara aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwredýärin. Elbetde, bilim berýän ojagymdaky ýaşlaryň arasynda okuwçylarymyň dürli bäsleşiklere gatnaşyp ýeňiji bolýanlary bar. Sungat köňlüňdäki ruhy akabadyr. Şeýle akabalaryň birleşen owazyndan, oňa şägirdiň zehininiň goşulmagyndan täze bir ýol öz ýoluň kemala gelýär.

     –  Aýdym – sazy, sungaty gowy görýan ýaşlara  berjek maslahatym şeýleräk. Tutan işiňe erjellik bilen çyn ýürekden ýapyşmaly janyň-teniň, durkuň bilen berilmeli. Halypa bagşy-sazandalary köpräk diňlemeli,  bir gezek diňläniň bilen oňmaly däl, sebäbi her gezek diňläniňde, bir zat öwrenmek bolýar. Ýeri gelende aýdaýaýyn, esasanam, köpräk dessanlary, şahyrlaryň goşgularyny okamaly.  Aýdymyň sözlerine düzülen saz sazlaşyk akgynlyk emele getirýär.

– Bagtly  durmuşymyza guwanyp, täze aýdymlaryň üstünde işleýän. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyňň ýurt Baştutanlygynda gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, döretmäge, işlemäge ähli mümkinçilikler bar! Goý, hemişe eziz Diýarymyzda, Arkadagly ýurdumyzda toýlar-toýa ulaşsyn! – diýip ýagşy dilegler bilen halypa aýdymçy sözüni jemledi.  Şu ýerde şahyryň şeýle setirleri ýadyma düşýär

Dutar alyp çyksaň dünýä seýrana,

Dünýä ýüzi galar saňa haýrana,

Aýdymlaryň nuranadyr nurana,

Magrupdan Maşryga dolsana, bagşy!

Bu aýdyma öwrülen meşhur setirleriň üsti bilen guýmagursak, ylahydan zehinli halypa aýdymçynyň döredijiliginde onuň yhlasyny, sungata bolan höwesini görüp bolýar.

Hormatly okyjylar Türkmenistanyň at gazanan artisti meşhur aýdymçy Jumamyrat Gurbanow ýetmiş bäş ýaşyň bosagasynda dur. Ony türkmen halkyna tanadan “Derýa” aýdymy bolsa 34 ýaşapdyr. Halypa bagşynyň bu aýdymy häzirki wagtda şu günlerem aýdymçylaryň dilinden düşmän aýdylýar.

Aýdymçy Jumamyrat Gurbanowa täze aýdymlar bilen halk köpçüligine lezzet berip durmagyny oňa üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuwlap, ýagşy niýetler bilen hoşlaşdyk.

– Söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň, Jumamyrat aga! Ýene döredijilik üstünlikleri hemra bolsun!

 

     Söhbetdeş bolan Gülöwser Rahmanowa,

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar  kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Sahysalyh Baýramow: “Ogul”   filmindäki  Batyryň  häzirki  ykbaly

Bahargül Kerimowa: 30 ýyldan soňky duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşuşykdan soň gyzyklandyran söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri

Kerim Gurbannepesowyň päk söýgüsiniň kyssasy

Men Eneşiň aýdymlarynyň aşygy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar