MEDENIÝET

Jeýms Bond Patyşalyk ordeni bilen sylaglandy

Bäşinji we soňky gezek Jeýms Bonduň keşbine janlandyran Iňlis aktýory Daniel Kreýg Birleşen Patyşalygyň ordeni bilen sylaglandy.

Kino dünýäsiniň iň meşhur keşbi hasaplanýan Jeýms Bonduň keşbini ýerine ýetiren Daniel Kreýg kino we teatr ulgamynda bitiren hyzmatlary üçin Beýik Britaniýa Patyşalygyny tarapyndan uly sylaga mynasyp boldy.

Merhum Şa zenany Ýelizaweta II gyzy we häzirki Patyşa Karl III aýal dogany şazada gyzy Anna Windzor köşgünde geçirilen dabarada aktýor Kreýge ordenini gowşurdy.

54 ýaşyndaky aktýor 2006-njy ýylda “Kazino Roýal” filmi bilen ilkinji gezek Jeýms Bonduň keşbini ýerine ýetiripdi. Şondan soňra hem Kreýg birnäçe Bond filmlerde surata düşdi.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi