JEMGYÝET

Jemagat töleglerini poçta bölümlerinde töläň!

Türkmenistanlylar mundan beýläk elektrik, suw, gaz üpjünçiligi, ýyladyş we zibil aýyrmak ýaly jemagat töleglerini «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki bölümlerine baryp töläp bilerler. Bu barada kompaniýanyň resmi web saýtynda hem habar berildi.

Poçta aragatnaşyk bölümleriniň ýerleşýän ýerleri we telefon belgileri kompaniýanyň web saýtynda doly görkezilýär. Şeýlelikde, özüňize iň ýakyn poçta aragatnaşyk edarasyny saýlamak bilen, jemagat töleglerini geçirip bilersiňiz. Ýurduň çäginde käbir poçta bölümleriniň hepdäniň ähli gününde ir sagat 8-den 20-ä çenli işleýändigini ýatladýarys.

Umuman, «Türkmenpoçta» hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär. Türkmen telewideniýesinde sürüjilere dürli düzgün bozmalar üçin bellenilen adminstratiw jerimeleri hem poçta arkaly geçirip boljakdygy ýatladylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy