JEMGYÝET

Jebel şäherçesinde halkara howa menziliniň düýbi tutular

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna amala aşyrjak iş sapary bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýlay, şol mejlisiň barşynda milli Liderimiziň Balkan welaýatyna amala aşyrjak iş saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Hasabatlarda bu saparyň çäklerinde Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň düýbüniň tutuljakdygy mälim edildi.

Mälim bolşy ýaly, golaýda “Türkmenhowaýollary” agentligi Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan täze halkara howa menziliniň toplumyny taslamalaşdyrmak hem-de dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan edipdi.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda raýat awiasiýa ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, soňky birnäçe ýylyň dowamynda paýtagtymyz Aşgabat bilen bir hatarda Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde halkara howa menzilleri gurlup ulanmaga berildi.

Golaýda, Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde hem sagatda 100 ýolagça hyzmat edýän täze halkara howa menziliniň toplumy ulanmaga berlipdi.

 

Talyp 2021: Resmi iş kagyzlary nirede kabul edilýär?

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy