SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Islandiýa serhetlerini açdy, ýöne bir şert bilen

Birnäçe gezek dünýäniň iň asuda döwletleriniň sanawynyň çür başynda görkezilen Islandiýa bir şert bilen syýahatçylar üçin derwezelerini açdy. Ol şert syýahatçylaryň koronowirusa garşy sanjym alan bolmagydyr. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginden habar berildi.

Mundan beýläk Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi tarapyndan ykrar edilen waksinalary alan daşary ýurtly syýahatçylar Islandiýada karantin gözegçiligine alynmaz. Şeýle hem olardan koronowirus barlagy talap edilmez.

Islandiýanyň Hökümeti şu talaplara laýyk gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ählisiniň ýurda gelip biljekdigini habar berdi. Şeýlelikde, Islandiýa Ýewropada serhetlerini doly açan ilkinji döwletleriň biri boldy.

 

«Sputnik V» ýene bir döwletde bellige alyndy

 

 

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar