DÜNÝÄ

Işewürlik ulgamynda Adalatçysynyň orny

2021-nji ýylyň 4-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün, ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa we BMG-niň Türkmenistandaky Neşe Serişdeleri we Jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (BMGNJM) we Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda hususy ulgamynda zähmet meselelerine gözegçilik edýän Işewürlik ulgamynda Adalatçysynyň orny barada halkara tejribeleri paýlaşmak babatynda wideo aragatnaşyk arkaly webinar geçirildi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýü S. Klimow we Türkmenistanyň Adalatçysy, hanym Ýazdursun Gurbannazarowa bu wideo aragatnaşyk arkaly çärä gatnaşdylar.  ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýü S. Klimow gatnaşyjylara ýüzlenip: “Men Türkmenistanyň BMG-nyň 8¬-nji Durnukly ösüş maksadyna (SDG) we onuň dowamly, öz içine alyjy we durnukly ykdysady ösüşi, doly we öndürijilikli işi we hemmeler üçin mynasyp işi öňe sürmek maksadyna ýetmek üçin alyp barýan işleri bilen gutlaýaryn.”  Ol dowam edti: “Işgärlerimizi goramaklyk biziň elimizdedir.  Olar gowy iş we olara hormat goýulmagyny we mynasyp we adalatly çemeleşilmegi isleýärler.  Müňlerçe adamyň durmuşyna täsir etjek bu taslamada öňümizdäki aýlarda siziň bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.”

 Webinaryň dowamynda gatnaşyjylar adam hukuklaryň ýörelgelerine we Milli Adam Hukuklary Institutynyň görkezmelerine laýyk gelýän üstünlikli kärhanalaryň durmuşa geçirýän iň oňat tejribeleri bilen tanyşdylar.

Çeşme: ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýty 

 

Täze Oýun: Makul Sözi Tap!

 

 

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi