PEÝDALY MASLAHAT

Işe dikeltmek üçin haýsy edaralara ýüz tutulyp bilner?

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 381-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, kazyýetlerde gös-göni işgäriň – zähmet şertnamasynyň bes edilmeginiň nämä esaslanýandygyna garamazdan işe dikeltmek hakyndaky arzalary boýunça zähmet jedellerine garalýar.

Agzalan Kodeksiň 382-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, kazyýete ýüz tutmagyň möhleti işe dikeltmek hakyndaky jedeller boýunça – işgäre onuň bilen zähmet şertnamasynyň bes edilýänligi hakyndaky buýrugyň nusgasynyň işgäre gowşurylan gününden beýläk – bir aý bellenilýär.

Görkezilen maddanyň ikinji böleginde, agzalan maddada bellenilen möhletleriň esasly sebäplere görä berjaý edilmedik halatynda olar işgäriň ýa-da onuň ygtyýarly edilen wekiliniň arzasy esasynda kazyýet tarapyndan dikeldilip bilner.

Çeşme : minjust.gov.tm 

Related posts

Saçyň dökülmeginiň öňüni almagyň  aňsat usullary

Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy

Ýol-ulag hadysasy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmak barada maglumat

Ata Watan Eserleri