TEHNOLOGIÝA

“iPhone” modelleri üçin mugt sport programmasy

ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa kompaniýasy “Apple” ähli “iPhone” modelleri üçin mugt sport programmasyny çykardy. “Apple Sports” atly programma ulanyjylara sport duşuşyklarynyň netijeleri we statistikalary barada yzygiderli maglumat berip durar.

“Apple” kompaniýasynyň habaryna görä, “iOS 17.2” we şondan soňky operatiw ulgamlary üçin döredilen “Apple Sports” porgrammasy sport muşdaklarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Programmada Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň we Meksikanyň futbol çempionatlary bilen bir hatarda Amerikanyň futbol çempionaty, Amerikanyň basketbol ligasy we Amerikanyň hokkeý ligasy ýaly futbol we hokkeý çempionatlarynyň duşuşyklarynyň netijelerini öz wagtynda maglumat almaga mümkinçilik berer.

Kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan Eddi Kue “Apple Sports” programmasy bilen ulanyjylaryň halaýan toparlary we şol toparlaryň çempionatyndaky iň soňky habarlar bilen habarly bolmagyna ähli şertleriň döredilendigini belledi.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler