JEMGYÝET

«Instagramdan» iň köp gazanýan ýyldyzlar

«Hopper HQ» kompaniýasy «Instagramdaky» mahabatlary arkaly iň köp gazanýan ýyldyzlaryň sanawyny düzdi. Sanawyň diňe 2021-nji ýyldaky girdejilere esaslanýandygyny turuwbaşdan aýtmak gerek.

Sanawyň başynda futbolçy Kriştianu Ronaldu bar. Onuň jemgyýetçilik torundaky bir mahabat paýlaşmasynyň bahasy 1,6 million dollardyr. Onuň bu sanawyň ilkinji üçlükdäki ornuny eýýäm birnäçe ýyldan bäri saklap galýandygyny aýtmaly. Ronalduny «Instagramda» 325 million adam yzarlaýar.

Ikinji orny 2020-nji ýylda bu sanawyň başyny çeken aktýor Dueýn Jonson bar. 242 million yzarlaýjysy bolan aktýor her bir mahabatyndan 1,5 million dollar gazanýar.

Sanawyň üçünji basgançagy bolsa bolsa aýdymçy Ariana Grandega degişli. Onuň 240 million abunaçysy bar. Ariananyň şahsy sahypasynda hem mahabat ýerleşdirmegiň bahasy 1,5 million dollar.

Şeýle hem ilkinji onluga Kaýli Jenner (237 million abunaçy ― bir mahabat üçin 1,4 million dollar), Selena Gomes (233 million ― 1,4 million dollar), Kim Kardaşýan (215 million ― 1,1 million dollar), Lionel Messi (215 million ― 1,1 million dollar), Beýonse (182 million ― 1,1 million dollar), Jastin Biber (176 million ― 1,1 million dollar), Kendal Jenner (167 million ― 1 million dollar).

“Trendyol” kompaniýasynyň gymmatyny ýokarlandyrdy

 

 

 

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy