BILIM

Innowasiýa maglumat merkezi Türkmenistanyň bilim edaralaryny sanlylaşdyrmak işini alyp barýar

Şu ýylyň 31-nji ýanwarynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezini döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Şo­ňa laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda, Milli bilim institutynda Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. Häzirki günlerde merkezi zerur bolan tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet we beýleki tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Merkeziň işiniň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw wideo we audio materiallary, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşyklylykda alyp barmakdan hem-de bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr. Milletiň Lideri ýurdumyzda Innowasiýa maglumat merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işlerde dünýäniň öň­debaryjy ýurtlarynyň tejribesini, şol sanda sanly ulgamda gazanylanlary içgin öwrenmegi we jikme-jik seljermegi tabşyrdy. Şo­ňa görä-de, täze merkezi döretmekde, esasan, sanly ulgamlary özleşdirmek boýunça dünýäde öň­deligi saklaýan Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alyndy. Bu babatda 2019-njy ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyran döwlet saparynyň, şol ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapur Respublikasyna bolan döwlet saparynyň hem-de oktýabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde hem aýratyn nygtalypdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde ýurdumyzyň bilim edaralaryny sanlylaşdyrmak babatda ençeme wezipeleri çözmek göz öňünde tutulýar. Bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk maglumat bilim toruny döretmek, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, bilim edaralaryna dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, şol sanda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, innowasion okuw-görkezme esbaplaryny, okuw wideo we audio materiallary, elektron okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamak, elektron bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň okuwçylar, talyplar, ata-eneler, bilim işgärleri üçin elýeterliligini üpjün etmek, bilim ulgamynyň merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmek, dolandyrmak we ol ýerdäki maglumatlaryň yzygiderli täzelenmegine gözegçilik etmek; bilim ulgamy boýunça elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak, bilim edaralarynda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek, degişli maslahatlary, tehnologik goldawlary bermek we tehniki-programmalaýyn çözgütleri taýýarlamak şolaryň iň esasylarydyr.  Şeýle hem «mugallym — okuwçy — ata-ene» gatnaşygyny sanly usulda utgaşdyrmaga ýardam bermek täze merkeziň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri

Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Halkara olimpiadada medal gazanan okuwçylar sylaglandy