SPORT

Iňlis futbolynyň iň gymmat transferi: Wirs “Liwerpula” geçdi

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirs Angliýanyň “Liwerpul” toparyna geçdi. Bu barada “Liwerpul” toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

Angliýanyň “Liwerpul” topary Wirsiň çykyş edýän Germaniýanyň “Baýer” toparyna 130–135 million ýewro töledi.

Şeýlelikde, Florian Wirs Angliýanyň futbolynyň hem-de “Liwerpul” toparynyň iň gymmat transferi boldy. Toparyň mundan ozalky iň gymmat transferi 2022-nji ýylda amala aşyrylyp, şonda iňlis topary urugwaýly hüjümçis Darwin Nunýesi 85 million ýewro satyn alypdy.

Iňlis futbolyň gymmat transferi 2023-nji ýylda bolup, şonda “Çelsi” topary Portugaliýanyň “Benfika” toparyndan argentin ýarymgoragçysy Enso Fernandesi 121 million ýewro alypdy.

Wirsden ozal, “Liwerpul” toparynda 9 sany germaniýaly futbolçy çykyş etdi. Olaryň arasynda bu toparyň düzüminde iň köp duşuşyk geçiren Ditmar Hamann boldy we ol 283 duşuşykda oýnady.

Şeýle hem Wirs “Baýer” toparyndan “Liwerpul” toparyna geçen 3-nji futbolçy boldy. Ozal 2012-nji ýylda Samed Eşil we 2014-nji ýylda Emre Jan “Liwerpula” geçipdi.

22 ýaşyndaky Florian Wirs 2020-nji ýylyň tomsunda “Baýer” toparyna gelip, bu toparda 197 duşuşykda oýnady we 2023-2024-nji möwsümde topar bilen Germaniýanyň çempiony boldy.

Ýaş futbolçy Wirs Germaniýanyň düzüminde hem 31 duşuşykda oýnady. Ol 2024-nji ýylda Ýewropa çempionatynda Germaniýanyň ýygyndysy bilen kümüş medalyň eýesi boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde öňdelige eýeleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistan III GDA oýunlaryna gatnaşar

Ronaldo portugal tälimçi bellendi

Luka Modriç “Milan” toparyna geçdi

Ýoahim Löw Özbegistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolup biler

Ata Watan Eserleri