JEMGYÝET

Indi daga çyksaň…

Hytaý hökümeti Ewerest dagynyň Tibet awtonom ülkesine degişli ýerlerine çykmagy wagtlaýynça çäklendirdi. Munuň sebäbi bolsa syýahatçylardan galan ýakymsyz miras ― ýüzlerçe tonna zir-zibildir.

«South China Morning Post» gazetiniň ýazmagyna görä, geçen aýyň ahyrynda gelnen we biraz soňra köpçülige ýetirilen karar bilen 5 müň 200 metr belentlikdäki daga çykmak çäklendirildi ýa-da düýbünden gadagan edildi. Çünki şunça belentlikden ýygnalan zir-zibiliň mukdary 8 tonnadan hem geçýär. Aşagrakdaky böleklere ýygnanan zibilleri hasaba alanyňda bolsa, ol 355 tonna çenli ýetýär.

Täze karara görä, indi bu beýiklige diňe ýörite rugsatnamasy bolan adamlar çykyp biler. Olardan hem zibillerini daga zyňman, yzyna getirmek talap ediler. Şeýlelikde, şu ýyl Ewerestiň Hytaýdaky belentliklerine dyrmaşjak adamlaryň sany 300-den geçmez. Soňky sekiz ýylda bu daga 40 döwletden 20 müňden gowrak syýahatçy çykypdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň lybaslary Fransiýada görkezildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan Işewürler geňeşini döretmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan “Tebigat-ene” atly halkara çäräni geçirer

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri