TEHNOLOGIÝA

Ilon Mask kompaniýalaryny Tehasa göçürýär

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan ABŞ-ly milliarder Ilon Mask özüniň “Space X” kosmos kompaniýasynyň we “X” atly jemgyýetçilik tory (ozalky “Twitter”) kompaniýasynyň baş edara binasyny Kaliforniýa ştatyndan Tehas ştatyna göçürýär.

Ilon Maksyň bellemegine görä, “Space X” kosmos kompaniýasynyň baş edara binasy Kaliforniýanyň Hotorna şäherinden Tehasyň Boka-Çika şäherçesindäki “Starbase” kosmodromynda hereket eder. “X” atly jemgyýetçilik tory (ozalky “Twitter”) kompaniýasynyň baş edara binasy bolsa, San-Fransisko şäherinden göçürilip, Ostin şäherinde ýerleşdiriler.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-ly milliarder Ilon Mask özüniň elektrikli awtoulag önümçiligini alyp barýan “Tesla” kompaniýasynyň baş edara binasyny 2021-nji ýylyň güýzünde Palo-Alto şäherinden Tehas ştatynyň Ostin şäherine göçüripdi.

Ýene-de okaň

Gündogar Afrikanyň ilkinji robotly kafesi açyldy

Täze “iPhone” 10-njy sentýabrda tanyşdyrylar

“iPhone 16 Pro” Hindistanda öndüriler

“Apple” – iň gymmat tehnologiýa kompaniýasy

Gazagystan bilen Hytaý Aýda stansiýa gurar

Dünýäde ilkinji “emeli intellekt alymy” Ýaponiýada işlenip düzüldi