DÜNÝÄ

Ilkinji zenan maliýe ministri

Kanadanyň taryhynda ilkinji zenan maliýe ministri wezipä bellendi. Ýurduň Premýer-ministri Jastin Trudo Ministrler Kabinetinde Premýer-ministriň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Kristiýa Frilandy maliýe ministri wezipesine belledi. Golaýda ýurduň maliýe ministri wezipesini ýerine ýetirýän Bill Morno bu wezipesinden boşadylypdy.

Ozal ýurduň daşary işler ministri wezipesinde hem işlän Kristiýa Friland Kanadanyň 153 ýyllyk taryhynda maliýe ministri wezipesine bellenen ilkinji zenan boldy. Kristiýa Friland premýer-ministriň orunbasary wezipesini hem dowam etdirer. Ministrler Kabinetiniň düzümindäki guramaçylyk meseleleri Kanadanyň baş gubernatory Juli Paýet tarapyndan hem tassyklandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar