Iki bilezik 8 million amerikan dollaryna satylarmy? Satylar. Eger olar almazdan ýasalan, üstesine-de, Fransiýanyň şa zenanynyňky bolsa. Ýakynda Şweýsariýadaky bäsleşikli söwda öýleriniň birinde şeýle söwda amala aşyryldy.
Müşderi adyny gizlin saklaýar
Has takygy, bu bilezik Fransiýanyň ozalky şa zenanlarynyň biri Mariýe Antonetta degişli bolupdy. Almazdan ýasalan bilezikler Şweýsariýadaky bäsleşikli söwda öýleriniň birinde özüne 8 million dollardan alyjy tapdy.
Bilezikleri bäsleşikli söwda telefon arkaly gatnaşan bir adam satyn aldy. Ýöne ol guramaçylardan öz adynyň köpçülikden gizlin saklanylmagyny haýyş etdi. Olar hem müşderiniň raýyny ýykmadylar.
Ynamdar elde saklamak üçin
Marie Antonette bu bilezikleri Fransuz ynkylaby wagtynda sürgün edilmezden öňürti ynamdar ellerde saklamak üçin uzaklara ugradypdy. Şeýlelikde, almaz bilzikler geçen iki asyrdan gowrak wagtyň dowamynda daşary ýurtlarda saklanyldy.
Bilezikler almaz daşlarynyň 112-si bilen bezelipdir. Olar ilkinji gezek bäsleşikli söwda çykaryldy we 4 million dollar çemesi baha kesmegine garaşylýardy. Ýokardaky maglumatlardan hem tanyş bolşuňyz ýaly, olara garaşylýanyndan hem iki esse kän baha berip aljak müşderi tapyldy.
«Kristi» bäsleşikli söwda öýüniň Ýewropa boýunça ýolbaşçysy Franos Kuriliň aýtmagyna görä, bilezikler Fransiýanyň taryhynyň iň möhüm wakalarynyň biriniň janly şaýady. Şonuň üçin hem olaryň gymmaty maddy gymmatlyk bolmagyndan has aňry geçýär. Üstesine-de, olar taryhyň dowamynda döwürleri gezdi.
Mariýe Antonette kim?
Mariýe Antonette Awstriýada dünýä inipdir. Ol geljegiň fransuz karoly Luis XVI bilen durmuş gurmagy üçin heniz çagaka Fransiýa ýollanylypdyr.
Döwrüniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli sürgün edilen we sürgündekä köşge hat ýazyp, jöwher bilen bezelen bir agaç sandygyň uzaka ýollanylmagyny isleýär. Şol sandykdaky gymmatlyklar gelip-gelip XXI asyrda 8 million ýewro satylan almaz bilezikler bolmaly.