Türkmenistanda ýiti öýken keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen hyzmat pudagyna degişli kärhanalaryň işi şu ýylyň 15-nji noýabryna çenli çäklendirildi. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.
Bu çözgüt esasynda kinoteatrlaryň, teatrlaryň, seýilgähleriň attraksion oýun meýdançalarynyň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammam we sport desgalarynyň (howzular, fitnes we aerobika klublary) işleri çäklendirilýär.
Şeýle hem, çäklendirmeler, eýeçiligine garamazdan gysga möhletli tölegli kurslaryň we oýun merkezleriniň ähli görnüşlerine degişlidir.
Mundan ozal, bu pudagyň kärhanalarynyň işi 15-nji oktýabra çenli çäklendirilipdi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, otly we şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli, halkara howa gatnawlary 31-nji oktýabra çenli togtadylypdy.
Bulardan başga-da, Hazar deňziniň kenarynda raýatlaryň dynç almagyna girizilen çäklendirmäni 1-nji noýabra çenli uzaldylypdy. Ýöne oktýabr aýyndan başlap, Hazaryň kenarynda diňe “Awaza” şypahanasynda dynç almaga rugsat berildi.
Diňe Türkmenistanda dellekhana we tikinçilik kärhanalarynyň işiniň ähmiýetini göz öňünde tutulyp, olaryň işine 1-nji noýabra çenli rugsat berlipdi.
Degişli habarlar
Dellekhana we tikinçilik atelýeleriň iş möhleti
Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?
Otly gatnawlary barada täze maglumat
Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys. Siz şeýle hem Google Play-den “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!
Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda