TEHNOLOGIÝA

Hytaýyň awtomobil kompaniýasy Türkiýede elektrikli awtomobil öndürer

Hytaýyň “BYD” awtoulag önümçilik kompaniýasy Tükriýäniň ykdysadyýetine 1 milliard dollara golaý maýa goýumyny özleşdirip, bu ýurtda ýyllyk önümçilik kuwwaty 150 müň elektirkli awtomobile deň bolan zawodyň gurluşygyny amala aşyrar.

Bu ugurda hytaýyň kompaniýa bilen Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministrliginiň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi.

2026-njy ýyla çenli gurulmagy göz öňünde tutulan täze önümçilik kärhanasynda 5 müňe golaý täze iş orny dörediler.

Hytaýyň “BYD” awtoulag önümçilik kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wang Çuanfu Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Hytaýly awtoulag öndürijileri Türkiýäniň bazarynyň artykmaçlyklaryna, şeýle hem ýurduň ösen tehnologik infrastrukturalaryna ünsi çekip, munuň Ýewropa bazaryndaky paýyny artdyrmaga giň mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.

Häzirki wagtda Hytaýyň “BYD” awtoulag önümçilik kompaniýasynyň zawodlarynda bir ýylda 3 milliondan gowrak elektrikli awtoulaglar öndürilýär.

Ýene-de okaň

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler