BIZNES

Hytaý Täjigistanda elektromobil öndürer

Täjigistanda Hytaýyň kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýylda 1500 elektromobil öndürmäge niýetlenen bilelikdäki kärhanany döretmek meýilleşdirilýär. Munuň üçin 25 million dollar maýa goýum özleşdiriler. Bu barada Duşanbe şäheriniň häkimligi habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy we Duşanbe şäheirniň başlygy Rustam Emomali  Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Şol saparyň çäklerinde iki ýurduň arasynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Hytaýyň we Täjigistanyň hususy pudagynyň arasynda gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda,  Hytaýyň “Jinçuen” kompaniýasy bilen Täjigistanda elektromobilleriň önümçiliginiň döredilmegi, dolandyrylmagy we guramaçylygy babatda bilelikdäki kärhanany döretmek babatda şertnama gol çekildi.

Şeýle hem hytaýly başga bir kompaniýa Täjigistanda karbamid önümçiliginiň ýylda 180 müň tonna ýetirilmegi üçin “Azot” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň kärhanasyna 50 million dollar maýa goýar. Şeýle hem Täjigistanda bir ýylda 300 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenilen täze desganyň gurluşygy üçin hem 300 million dollar pul serişdeleriniň bölünip berilmegi meýilleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder