JEMGYÝET

Howa maglumaty:7-13-nji iýun aralygy

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär. 

Balkan welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16… +21 gradusdan +22… +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35… +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +27… +32 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21… +26 gradusdan +24…… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +37… +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20… +25 gradusdan +23… +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34… +39 gradusdan +37… +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20… +25 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34… +39 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19… +24 gradusdan +22… +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +36… +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23… +25 gradusdan +26… +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34… +36 gradus maýyldan +38… +40 gradus aralygynda yssy bolar.

 

7-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy