JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ady agzalan merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri M.Çakyýew döwlet Baştutanymyza Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi we onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berýän şekiller görkezildi. Içeri işler ministrliginiň harby gullukçysy milli Liderimize enjamlar, olaryň ulanylýan pursatlary, uçarmansyz uçýan enjamlaryň uçuş tertibi hem-de olaryň degişli maglumatlary almagy üçin döredilen mümkinçilikler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaýlarynda, durmuş maksatly we edara binalarynda oturdylýan tüsse anyklaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap enjamlaryň önümçilik işi, olaryň önümçiliginde ulanylýan serişdeler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Hünärmen binanyň eýwanynda oturdylan monitor arkaly merkezde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak mümkinçilginiň bardygyny aýtdy. Bu ýerde ýerine ýetirilýän işler, uçarmansyz uçýan enjamlary ýasamak, olary uçurmak, enjamlara degişli serişdeleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Şolar bilen bir hatarda, bu ýerde taýýarlanylýan enjamlaryň we beýleki ugurlara degişli serişdeleriň 3D görnüşde şekilini alyp, islendik enjamy ýasamaga mümkinçiligiň bardygy aýdyldy.

Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy ýurdumyzyň serhet bölümlerinde ulanylýan enjamlar, uçarmansyz uçarlaryň mukaddes çäklerde wideogözegçiligi amala aşyrmakda ähmiýeti hem-de enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, serhet gullugynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi.

Soňra ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy harby bölümlerde ulanylýan enjamlar we sanly tehnologiýalar, Watan goragçylarynyň jogapkärli wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin olaryň ähmiýeti barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, goşun bölümleriniň işinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagy, şeýle hem Goranmak ministrliginiň türgenleşik okuwlarynda netijeli özleşdirilmegi bilen baglanyşykly işlere aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň gurluşygynyň baş meýilnamasynyň esasynda täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şolaryň hatarynda uçarlaryň angarynyň, uçar binasynyň, awtoulag binasynyň, dolandyryş nokatly hem-de uçarlary awtomatik usulda dolandyrýan bölümleriň, syn ediş nokadynyň, merkeze degişli bolan ýyladyşhananyň hem-de elektrik bekediniň binalarynyň taslamalary görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Milli Liderimiz elektron senagatdan baş çykarýan we öňdebaryjy bilimlere eýe bolan ýaşlaryň ösdürilip ýetirişdirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidigini belledi.

Şunlukda, ýokary okuw mekdeplerde elektron kitaphanalarynyň işi ýola goýulmalydyr hem-de harby talyplar üçin olaryň elýeterli bolmagy üpjün edilmelidir. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek aýratyn belläp, dünýäniň iň oňat tejribesiniň peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirer.

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda halkara ulag forumy öz işine başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Sebitiň ýurtlary türkmen tebigy gazyny “swap” usulynda import etmäge gyzyklanma bildirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze kitaby – “HAKYDA GÖWHERI”

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wengriýada geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi