Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, TMÝG-niň Meýletinçiler merkezi hem-de TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkezi tarapyndan “Sessiz awtomatizasiýa: netijeliligiň täze tapgyry” atly leksiýa guraldy. Onda sanly çözgütler boýunça hünärmen Arslan Tekäýew, TSTP-niň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we TMÝG-niň Meýletinçiler merkeziniň geňeşçisi Merdan Ataýew şeýle-de uniwersitetiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Atamyrat Ylýasow dagylar çykyş etdiler.
Bu seminara talyp ýaşlar we mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar sanly tehnologiýalaryň iş proseslerini has netijeli, takyk we çalt guramaga nähili ýardam berýändigi barada maglumat aldylar.
Arslan Tekäýew çykyşynda awtomatizasiýanyň diňe uly “IT” toparlarynyň ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň işi däldigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, iş prosesine içgin düşünýän ýerli hünärmenler hem sanly ulgamlary üstünlikli ornaşdyryp bilerler. Şeýle-de ol býujetleriň jemlenmegi, myhmanlary hasaba almak, iş saparlaryny tassyklamak ýaly administratiw işleriň el bilen ýerine ýetirilmeginiň köp wagt talap edýändigini hem-de ýalňyşlyklara getirip bilýändigini nygtady.
Hünärmen döredilýän ähli içerki sanly ulgamlaryň diňe içerki mümkinçilikleriň esasynda taýýarlanylýandygyny hem-de olaryň doly on-premise görnüşinde işleýändigini aýtdy. Şeýle çözgütler gaýtalanýan işleri azaltmaga, işgärleriň işini ýeňilleşdirmäge we umumy iş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Leksiýanyň dowamynda awtomatizasiýanyň işgärleri çalyşmak üçin däl-de, olaryň işini goldamak, wagtyny tygşytlamak we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin niýetlenmelidigi aýratyn bellenildi. Çäräniň ahyrynda geçirilen sorag-jogap sessiýasy sanly başarnyklar, awtomatizasiýa we hünär ösüşi boýunça gyzykly pikir alyşmalara öwrüldi.
Şeýle-de bu ýerde TSTP-niň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we TMÝG-niň Meýletinçiler merkeziniň geňeşçisi Merdan Ataýew çykyş edip, ýaşlaryň geljekde hünär saýlamagy hem-de önümçilik bilen bilimiň arasyndaky baglanyşygy berkitmegiň ähmiýeti barada durup geçdi. Ol häzirki döwürde bilim ulgamynyň önümçilik bilen sazlaşykly ösdürilmeginiň ýaş hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny belledi.
Çäräniň dowamynda uniwersitetiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Atamyrat Ylýasow hem çykyş etdi. Ol 2026-njy ýylyň “’Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly we ýokary ahlakly bolup kemala gelmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.
