TEHNOLOGIÝA

Hindistan Aýa astronawt iberer

Kosmos giňişligini öwrenmekde Russiýa, ABŞ, Hytaý ýaly döwletleriň hataryna goşulan Hindistanyň hökümeti 2040-njy ýylda Aýa astronawt ibermegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem kosmos maksatnamalaryny giňeltmek isleýän Hindistanyň hökümeti 2035-nji ýylda kosmos stansiýasyny hem döretmegi göz öňünde tutýar.

Premýer-ministr Narendra Modi kosmos giňişligi boýunça hökümetiň ägirt uly maksatnamalary barada maglumat berdi. Şeýle hem ol ýurduň alymlaryna diňe bir Aýa däl, eýsem Wenera we Mars planetalaryny öwrenmek üçin missiýalary guramaga taýýarlyk görmegi teklip etdi.

Awgust aýynda Hindistan Aýyň günorta böleginde kosmos gämisini oturdan ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Sentýabr aýynda bolsa, Güni öwrenmek üçin raketa ýollady.

Hindistanyň Kosmos barlaglary boýunça guramasy “Gaganýaan” taslamasynyň üstünde işläp, astronawt toparyny 400 kilometrlik orbita çykaryp, soňra ony yzyna Ýere gondurmagy maksat edinýär.

2024-nji ýylyň ahyrynda çenli bu uçuşy amala aşyrmak üçin açyk kosmos boýunça birnäçe synag uçuşlaryny amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar