TEHNOLOGIÝA

Hindistan Aýa astronawt iberer

Kosmos giňişligini öwrenmekde Russiýa, ABŞ, Hytaý ýaly döwletleriň hataryna goşulan Hindistanyň hökümeti 2040-njy ýylda Aýa astronawt ibermegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem kosmos maksatnamalaryny giňeltmek isleýän Hindistanyň hökümeti 2035-nji ýylda kosmos stansiýasyny hem döretmegi göz öňünde tutýar.

Premýer-ministr Narendra Modi kosmos giňişligi boýunça hökümetiň ägirt uly maksatnamalary barada maglumat berdi. Şeýle hem ol ýurduň alymlaryna diňe bir Aýa däl, eýsem Wenera we Mars planetalaryny öwrenmek üçin missiýalary guramaga taýýarlyk görmegi teklip etdi.

Awgust aýynda Hindistan Aýyň günorta böleginde kosmos gämisini oturdan ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Sentýabr aýynda bolsa, Güni öwrenmek üçin raketa ýollady.

Hindistanyň Kosmos barlaglary boýunça guramasy “Gaganýaan” taslamasynyň üstünde işläp, astronawt toparyny 400 kilometrlik orbita çykaryp, soňra ony yzyna Ýere gondurmagy maksat edinýär.

2024-nji ýylyň ahyrynda çenli bu uçuşy amala aşyrmak üçin açyk kosmos boýunça birnäçe synag uçuşlaryny amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy