TEHNOLOGIÝA

«Microsoft» Windows 10 ulgamynyň täze görnüşini hödürlär

«Microsoft» kompaniýasy kompýuterleri Windows 10 ulgamynyň täze görnüşini şu ýylyň maý aýynda ulanyjylara ýetirer. Bu täze ulgama dürli üýtgeşmeler girizilen. Onda ses arkaly ýazmak we gürlemek ýaly ulanyjylara amatlyklar göz öňüne tutulan. Mundan başga-da «Microsoft» bu täze ulgama howa maglumatyny, täzelikleri, taryhda we her günde bolup geçýän täsirli wakalary, täze filmleri gözlemegiň täze çalt gözleg guralyny goşdy. Bu ulgamyň kömegi bilen ulanyjy gysga wagtyň içinde gündelik täzelikler bilen tanşyp biler. Mundan başga-da Windows 10 ulgamynyň täze görnüşi kompýuterleri çalt işletmekde hem kömegi ulydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi