SIZDEN GELENLER

Himiýa senagaty kuwwatly pudak

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Diýarymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny has-da ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Ykdysady ösüşleriň aýdyň ýoly bilen geljege barýan ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetine mahsus bolan oňyn ösüşleriniň aýdyň mysallarynyň köpdügini buýsanç bilen bellemek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesini mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bähbidini nazarlap kabul edýän ähli resminamalarynyň, amala aşyrýan işleriniň özenini ykdysady öňegidişlik düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmegi we döwrebap işleri amala aşyrmagy türkmen halkymyzy, Türkmenistan döwletimizi dünýä meşhur edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen innowasion ösüş strategiýasyna laýyklykda, senagat pudaklaryny has-da ösdürmek göz öňünde tutulýar.  Häzir ýurdumyzda, aýratyn-da, Balkan welaýatynda ýerleşýän himiýa ugurly iri senagat toplumlary uly işleri alyp barýar.

Diýarymyzyň sebitleriniň ösüşine badalga berjek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bişofit, epsomit, magniý oksidi we magniý metaly ýaly himiki birleşmeler natriý sulfat önümçiliginiň taşlandy şerebelerini gaýtadan işlemegiň esasynda öndüriler.

Mineral dökünleri öndürmek boýunça ozal bar bolan önümçilik binýady tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar. Netijede, azot, karbamid, kaliý, fosfor we beýleki zerur önümleriň öndürilişi barha ýokarlandy. Munuň özi diňe bir içerki bazardaky islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, milli önümleri köp möçberde eksporta ugratmaga-da mümkinçilik döretdi. 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde açylyp ulanmaga berlen täze zawodyň şeýle ýokary netijeleri gazanmakda paýy uludyr. Täze önümçilik toplumy ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işläp, bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, her gije-gündizde 2 müň, ýylda 660 müň tonna sintetik ammiagy öndürmäge niýetlenendir. Onuň önümleri ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň jemi möçberiniň artmagyna kuwwatly itergi berdi.

. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň binýadynda ulanyşa girizilen, ýyllyk kuwwaty 21 müň tonna deň bolan biaksial ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze önümhana bu ugurda içerki islegi kanagatlandyrmaga we polimeriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini ýokarlandyrmaga düýpli itergi berdi.

Umuman, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi has-da ös­dür­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­ler hem­me ug­ry öz içi­ne alyp, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gyn­da, hu­su­sy ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gin­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi has-da ös­dür­mek­de we döw­re­bap­laş­dyr­mak­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýet äh­li pu­dak­la­ryň ösü­şi­ni, mö­hüm ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär, çün­ki ösü­şiň ýo­ka­ry­ly­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kuw­wat­ly­ly­gy bi­len berk bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Şo­nuň üçin hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­me­giň äh­li ugur­la­ry yl­my esas­da öw­re­nil­ýär we giň­den dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar.

Akgözel Suwlyyyewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň

Umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy. 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri