JEMGYÝET

Hepdelik täleýnama (28-sentýabr, 4-oktýabr)

Geljek hepdede sowur, sünbüle, jedi we hut ýyldyzy astynda doglanlaryň durmuşynda uly üýtgeşmeler bolup, öň çözülmän galan meseleleri çözüler. Jöwza, hamal, seratan ýyldyzynda doglanlaryň maddy üpjünçiligi ýokarlanar. Hepdelik täleýnamany her hepde gyzgyny bilen okamak isleseňiz biziň bilen galyň. 

 Hamal (guzy 22.03-21.04)

 Geljek hepde hamallaryň durmuşynda daş-töweregindäkiler bilen gatnaşyklaryny bökdäp biljek ýagdaýlar döremegi mümkin. Siz oňyn gatnaşyklara açyk bolarsyňyz, dostlaryňyz we ýakynlaryňyz hat-da kärdeşleriňiz hem muny tiz wagtda duýarlar. Geljek hepde siziň üçin köp babatda oňyndyr, özüňizi gowy tarapdan görkezip, iş netijeliligiňizi ýokarlandyryp bilersiňiz. Maşgala bolup bilelikde ýörişlere, dükanlara gezelençleri guramak siziň üçin bähbitli bolar.

Sowur (öküzçe 22.04-21.05)

Geljek hepde öz döredijilik başlangyçlarynyza güýç sarp edersiňiz. Kärdeşleriňiz bilen sazlaşykly işleriňiz özüniň oňyn netijesini berer. Öz islegleriňizi we käbir meýilleriňizi çäklendirmegi başaryň, çünki käbir erkin hereketleriňiz ýa-da pikirlenmän aýdan sözüňiz ýakynlaryňyza ýaramazlygy mümkin. Çünki özüňizi çäklendirip bilmek başarnyklaryňyz siziň daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklaryňyzy gowulandyrar.

Jöwza (ekizler 22.05-21.06)

Geljek hepde siziň üçin işjeň döwürdir: siziň güýjüňiz we energiýaňyz dolup daşýar, möwsümleýin hassalyk we keýpsizlik sizden daşda bolar.  Bu döwürde meýilnamalaryňyz we amala aşyrmaly işleriňiz biraz saklanar. Dynç almagy unutmaň. Çünki ol siziň geljekde gaýratly işlemegiňize ýardam eder. Hepdäniň başyny işleriňize, ahyryny bolsa maşgalaňyz bilen dynç almaklyga sarp ediň. Geljek hepde size maliýe girdejileri hem garaşýar.

 

Seretan (leňňeç 22.06-21.07)

     Geljek hepdede siziň ýakynlaryňyza bolan duýgularyňyz öňküsinden has  mähribanlaşar. Hepdäniň dowamynda gulluk saparlarynyň bolmagy ähtimal.  Durmuşyňyzda nätanyş adamlar bilen söhbetdeş bolmak, ýakymly duýgulary başdan geçirmek mümkinçilikleri dörär. Ýyldyzlar geljek hepde size diňe öňegidişlikleri wada berýär, duşenbeden başlap, wagtyňyzy netijeli ulanyň,  hepdäniň ahyryna çenli  ýagdaýlaryňyz has gowulanar.

Eset (ýolbars 22.07-21.08)

Özüňiz barada ymykly oýlanmak, belli bir karara gelmek gerek. Siziň erjelligiňiz ähli kynçylyklary ýeňip geçmegiňize mümkinçilik berer. Iş gününden soňra maşgalaňyz bilen bolmak, olar bilen ýakymly söhbet etmek, iş hem-de hojalyk aladalaryndan biraz çetleşmegiňize ýardam eder. Emele gelen kynçylyklary oýlanşykly hem-de hiç kime zyýansyz çözmäge synanyşyň. Geljek hepde  kämilleşmek üçin oňaýly döwürdir.

 Sünbüle (gyz 22.08-21.09)

 Şu hepde siziň esasy üns merkeziňizde garyndaşlaryňyz ýa-da çagalaryňyz bilen bagly bolan öý aladalary we maşgala işleri bolar. Siz bu meseleleri çözmek bilen bir hatarda dynç alyp hem bilersiňiz, çagalaryňyz bilen wagty gyzykly we peýdaly geçirmek, garyndaşlaryňyz bilen ýakymly söhbet etmek siziň gatnaşyklaryňyzy işjeňleşdirer. Sünbüleler geljek hepdede özleriniň maliýe babatdaky uzakdangörüjiligini ýene-de bir gezek subut etmegi başararlar.

 Mizan (terezi 22.09-21.10)

Geljek hepde serişdeleriňizi tygşytlamagyň döwri. Diňe bir pullaryňyzy däl, eýsem, wagtyňyzy hem tygşytly peýdalanyň. Öz gaýragoýulmasyz gulluk işleriňiz bilen bir hatarda maşgala wezipeleriňizi hem ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Bu hepde size çydamlylyk, kanagatlylyk we rahatlyk güýç berer. Hepdäniň dowamynda täze tanyşlyklary açmak, resminamalary tertiplemek we öňde goýan maksatlaryňyza ýetmek üçin şertler dörär.

 Akrap (içýan 22.10-21.11)

Geljek hepde ýyldyzlar size köp zatlary wada berýärler. Ol ähli ugurlara degişli  üstünlikler bolup biler. Şahsy durmuşyňyz, iş mümkinçilikleriňiz gowulanar. Siziň yhlasly hereketleriňiz öz netijesini berer. Bu döwürde siz döş-töweregiňizde rahatlyk we sazlaşyk döredip bilersiňiz. Siziň mähirli sözleriňiz we işjeň, batyrgaý hereketleriňiz dost-ýarlaryňyzy, maşgala agzalaryňyzy haýran eder, öňden çözülmän gelýän meseleleriňiziň çözülmegine hem ýardam eder.

 Kowus (keman 22.11-21.12)

Geljek hepdede saglygyňyza üns beriň. Bu döwürde endikleriňiziň aglabasyna gaýtadan seredersiňiz. Maliýe ýagdaýyňyzy alada etmegi bir gyra goýarsyňyz. Ýakynlaryňyz bilen araňyzda dörän düşünişmezligiň aradan aýrylmagy, dostlaryňyz bilen ýakyn gatnaşyklaryňyzyň has hem işjeňleşdirilmegi üçin tagallalaryňyzy gaýgyrmaň. Öňden dowam edip gelýän işleriňizi tamamlaň, lukmançylyk barlaglaryndan geçiň.

 Jedi (owlak 22.12-21.01)

Siz bu döwürde dostlaryňyzyň täsirine düşmegiňiz mümkin. Keýpiňiz gowy, ruhuňyz belent bolar. Bu döwürde başyna baran ähli işleriňizi durmuşa geçirip bilersiňiz. Işiňize ýokary baha bererler hat-da pul baýragynyň berilmegi hem mümkin. Işleriňize yhlasly, ünsli boluň, çünki siziň üstünlikleriňiz hut şulara baglydyr. Şol bir wagtyň özünde-de dostlaryňyz, maşgalaňyz bilen ýakymly oturlyşyklary, gezelençleri guraň,  köpräk söhbetdeş boluň.

 Daluw (gowa 22.01-18.02)

Geljek hepde işdeş ýoldaşlaryňyz bilen pikirdeş boluň, olaryň garşysyna gitmäň. Maliýe meseleleriňizi çözmek üçin synanşyň, ugruna bolar. Maşgalaňyza zerur bolan goldaw-hemaýatlaryňyzy beriň. Keýpiňizi göterjek, size täze üstünliklere badalga berjek başlangyçlara badalga beriň. Öňde goýan maksatlaryňyza ýetmek üçin synanşyklaryňyzy işjeňleşdiriň. Geljek hepde siziň üçin işjeňligiň hem erjelligiň döwri.

 Hut (balyk 19.02-21.03)

Geljek hepde siziň üçin kynçylyklar hiç zat bolup görüner. Dostlaryňyza maslahat beriň, bu döwürde olar siziň maslahatlaryňyza eýerer.  Işiňizde adaty ýagdaý dowam eder. Aşa ýadamaň, wagtynda dynç almagy başaryň we özüňizi gyzyklandyrýan güýmenjeler bilen meşgullanyň. Ol size güýç berer. Maliýe ýagdaýlaryňyzy gowulandyrmak, jemgyýetde ornuňyzy pugtalandyrmak baradaky pikirler sizde peýda bolar.  Olardan oňyn netije çykarmak özüňize bagly.

 Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Janyňyz sag, işleriňiz ugruna bolsun!

Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

 

Sowur (Öküzçe)

 

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

 

Duýgur leňňeçler kimler

 

Maksadaokgunly Esetler kimler

 

Owadan Sünbüleler kimler

 

Şadyýan Tereziler kimler

 

Ugurtapyjy akraplar  kimler

 

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

 

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

 

Bulary hem okaň!

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Köwata gowagy we köli- gezelenje geliň!

 

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi