2020-nji ýylyň 19-25-nji oktýabry aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Geljek hepdede hamallaryň durmuşynda jogapkärçilikli döwür geldi. Iş durmuşyňyzda we karýeraňyzda maksatlaryňyzy we başarnyklaryňyzy ýüze çykarmak üçin çäre görüp, özüňizi alyp barşyňyzy ösdürip bilersiňiz. Saglygyňyz barada alada etmegiň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Gündelik işleriňizi alyp barýarkaňyz, işleýän adamlar bilen gatnaşyklaryňyzda optimistik we oňyn bolup bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar geljek hepdede ösüşler gazanyp, özlerine ynamy artyp biler. Töweregindäki adamlar bilen gatnaşykda abraýy artyp, wajyp işlere jogapkär wezipesine mynasyp bolar. Maşgalaly sowurlar çagalary, maşgala agzalary bilen wagtlaryny şadyýan geçirip biler. Umuman aýdylanda geljek hepde sowurlaryň durmuşynda şatlykly wakalar baý bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Geljek hepdede jöwzalar dostlary, ýakynlary bilen açyk howada dynç alyp, käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýa-da bolmasa oňat dynç almak maslahat berilýär. Çünki indi birnäçe hepde bäri dynç almazdan yhlasly zähmet çekmegi, özlerine dynç bermegini ýyldyzlar duýdurýarlar. Gerek bolsa şypahanalara ýa-da lukmanlara ýüz tutup, saglyklaryna gözegçilik etmegiň wagty geldi.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Geljek hepdede seretanlar başagaý bolup bilerler. Esasanda hyýaly durmuşda ýagny arzuwda ýaşaýan seretanlaryň durmuşa çynlakaý çemeleşmelidigini ýyldyzlar aýdýarlar. Seretanlaryň iş, hem-de maşgala durmuşynda aýgytly ädimleri ätmegiň wagty geldi. Şonuň üçinde yhlasly zähmet çekip, özlerini oňat häsiýetlerde görkezmelidirler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Geljek hepdede eset ýyldyzy astynda doglanlaryň durmuşynda käbir garaşylmadyk wakalara gabat gelnip bilner. Ýagny maşgalaly esetleriň öýüne täze bäbek, ýaş jübütleriň bolsa toý dabara täzelikleri bolup biler. Şonuň üçin hem öňümizdäki hepde esetleri diňe bir özlerine däl-de, maşgala agzalaryna hem möhüm hepdeleriň biri bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Geljek hepde sünbüleler iş durmuşynda başagaý halda bolarlar. Olaryň etmeli işleri has-da artar. Bu bolsa sünbüle ýyldyzy astynda doglanlaryň işjeňligini artdyrar. Ýöne olar saglygyna dykgatly seretmelidirler. Çünki käbir meseleleri içlerine salyp gezmekleri, olaryň beýni taýdan saglygyna zeper ýetip biler. Şonuň üçin wagtal-wagtal, ýakynlary bilen meseleleri paýlaşmak we bilelikde çözmek maslahat berilýär.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Geljek hepde mizan ýyldyz astynda doglanlar “jüýje sanaşarlar”. Ýagny bu diýildigi ýaz hem-de tomus aýlarynda çeken zähmetleriniň hözürini görerler. Daýhançylyk bilen meşgullanýan mizanlara bol hasylyň eýesi boljakdygyny ýyldyzlar duýdurýarlar. Mundan başga-da edarada işleýän mizanlaryň işlerinde üstünlikler hat-da wezipesiniň hem ýokarlanmagyna garaşylýar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Geljek hepdede akraplar, iş hem-de okuw tejribeçiliginde işjeň hal-da görkezip, üstünlik gazanarlar. Ýöne olar doly işe ýa-da okuwa taýýar däldirler. Şonuň üçin akrap ýyldyzy astynda doglan adamlar öz üstünde işlemelidirler. Hepdäniň birinji ýarymy hususy telekeçiligi ýola goýmak isleýän akraplar üçin amatlydyr. Saglygyňyz adatdakylar ýaly oňat.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Geljek hepdede kowuslar alyp barýan işleri hakynda çynlakaý oýlanmalydyrlar. Işiňize siňdirýän yhlasyňyzyň, sarp edýän wagtyňyzyň netijesini duýarsyňyz. Iş wagtyňyzy oýlanyşykly we netijeli peýdalanmaga çalşyň. Geljek hepdede jaý satyn almak isleýän ýa-da onuň gurluşygyny meýilleşdirýän kowuslaryň işleri rowaç alar. Bu döwletli işleri ýakynlaryňyz, maşgala agzalaryňyz bilen maslahatlaşmagy unutmaň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Geljek hepde iş, wezipe babatda iň yhlasly, işini ýürekden söýýän jediler üstünlik gazanyp, ýolbaşçylaryna özlerini ykrar etdirip bilerler. Eger-de size goşmaça iş hödürleseler razylaşyň. Siz ondan gowy girdeji alyp bilersiňiz. Geljek hepdede jedileriň maliýe ýagdaýy durnukly bolar. Başganyň hasabyna pul dolanyşygyny geçirmäň, ýitgi çekmegiňiz ahmal.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Geljek hepdede möwsümleýin işleýän daluwlar üçin amatly teklipler köp bolar. Daluwlaryň käbiri bolsa, işewür ýoldaşlarynyň teklibini kabul edip, olaryň şereketinden paý alyp, bähbitli işe baş goşmagy ahmal. Umuman, daluwlar üçin geljek hepde düşewüntli bolar. Wezipeli daluwlar üçin öz toparyna kämil hünärmenleri işe kabul etmäge amatly pursat geler.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Öňümizdäki hepdede hutlaryň durmuşynda ykbal öwrülişikli döwür başlanar. Hutlaryň göwnüne bolmasa, geljek hepdede aladalary köpelen ýaly duýular. Eger-de ünsli bolsalar juda beýle däldir. Hutlar biraz dynç alsalar bähbitli bolar. Işjeňligiňiz artar. Maddy-üpjünçilik babatda ýyldyzlar hutlara tygşytly bolmagy maslahat berýär. Möhüm işlere parasatly çemeleşseňiz üstünlik gazanarsyňyz.
Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.
Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!
Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!
Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar
Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?
Sabyrly Jediler (Owlak) kimler
Hepdelik Täleýnamalary we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.