SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hem dümew hem-de koronawirus üçin ýeke-täk sanjym

ABŞ-nyň derman öndürijisi “Pfizer” kompaniýasy nemes hyzmatdaşy “Biontech” şereketi bilen koronawirus hem-de dümew üçin ýeke-täk sanjymyň üstünde işleýändigini habar berdi.

Kompaniýanyň berýän beýanatyna görä, hem dümew hem-de koronawirusynyň garşysyna ýeke-täk sanjym üçin synag gözlegleriniň başlandygy we bu 2 kesel üçin ýekeje sanjym üçin möhüm ädimdigi bellenildi.

ABŞ-daky 180 meýletinçide mRNA tehnologiýasy bilen öndürilen sanjymyň birinji tapgyrynyň synaglaryna başlandygy mälim edildi.

Möwsümleýin dümew her ýyl müňlerçe adamyň aradan çykmagyna we hassahana ýerleşdirilmegine sebäp bolýar. “Moderna” we “Novavax” kompaniýalary hem şuňa meňzeş sanjymlaryň üstünde işleýärler.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler