JEMGYÝET

Hazaryň kenarynda dynç almak we suwa düşmek çäklendirilýär

Türkmenistan täze görnüşli koronawirusyň global pandemiýasy bilen baglanyşykly Hazar deňziniň kenarynda dynç almak we suwa düşmek üçin çäklendirmeler girizdi. Degişli karar Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan kabul edildi.

Koronawirusyň Türkmenistanyň çägine gelmeginiň we keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen topar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 15-nji maýyndan 31-nji awgustyna çenli Hazaryň kenarynda dynç almagy hem-de suwa düşmegi çäklendirmek kararyna geldi. Bellemeli zat, beýleki şypahanalar bu döwürde halka hyzmat berer.

Türkmenistanyň çaginde koronawirus keseliniň hasaba alynmandygy hem bellenilip geçilýär.

Related posts

Türkmenistan ýokanç kesellere garşy göreşmek meýilnamasyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Söýgi gülleri

vepa

Balkan eyaletinde Soda Külü fabrikası inşa edilecek

vepa