JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.

Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» çäginde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkmenistan 2025-nji ýyla gadam basdy

Ata Watan Eserleri

Ankarada kitaplaryň tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

10-njy awgustdaky howa maglumaty