JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Burundi we Çadyň ministrleri bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Burundi Respublikasynyň daşary işler we ösüş hyzmatdaşlygy ministri Albert Şingiro hem-de Çad Respublikasynyň daşary işler, Afrika integrasiýasy we daşary ýurtlardaky çadlylar boýunça ministri Abdulaýe Sabre Fadul bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Ministrler özara gyzyklanýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda awgusta aýynda boljak BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmen Kavun Bayramı bu sene 17 Ağustos’ta kutlanacak

vepa

Türkmen halı ürünleri “Carpet & Art Oasis” Fuarında

vepa

Aşkabat’taki basın toplantısına ‘Türkçe’ damgası

vepa